2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň ýaşan otagy muzeýe öwrüler. Bu barada “RMC Sport” web saýty habar berýär.

Iki sany bir adamlyk krowaty, stoly, oturgyjy we diwany öz içine alýan bu otag kiçi muzeýe öwrüler. Pikiriň awtorlary 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyndaky interýeri mümkin boldugyça öňküsi ýaly saklamaga synanyşjakdygy habar berilýär. Otagyň gapysynda Argentinanyň gerbi we “L. Messi” diýen ýazgy berkidiler.

Lionel Messi Katarda geçirilen dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň ähli oýunlaryna gatnaşdy. Argentina 1986-njy ýyldan bäri ilkinji gezek jerime urgusynda Fransiýany ýeňip, dünýä çempiony boldy. Messi final oýnunyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.