Milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edildi. Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeleýär. Paýtagtymyzyň kaşaň we göze gelüwli binagärlik keşbini döredýän desgalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Diňe geçen ýylyň dowamynda gurlup, ulanmaga berlen desgalara göz aýlanyňda hem şäher-gurluşyk maksatnamasynyň nähili giňdigine, tutumlydygyna göz ýetirmek mümkin. Oguzhan köçesiniň durky täzelenen günorta böleginde peýda bolan belent ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny, durmuş – medeni maksatly desgalary hem-de döwrebap düzümleri öz içine alýan paýtagtymyzyň täze toplumy döwrümiziň nusgalyk keşbine meňzeýär. Umumy meýdany 970 müň inedördül metre barabar bolan bu uly toplum 30-dan gowrak desgany öz içine alýar. Iň bir guwandyryjy zat bolsa, olaryň paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary – hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan gurlandygydyr.
Paýtagtymyzyň binagärlik gözelligi, onuň ajaýyp köşk toplumlary, belent binaly ýaşaýyş toplumlary, şaýollary we göwnejaý bezegli meýdançalary barha baýlaşýar. Gülleriň dürli görnüşleri bilen öwşün atýan ýaşyl zolaklar, seýilgähler, saýaly seýilbaglar şäherimize görk berýär. Geçen ýyl paýtagtymyzyň Bitaraplyk we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda “Arkadag” medeni we dynç alyş seýilgähi açyldy. 7 gektar meýdanda ýerleşýän bu seýilgäh kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Ösüş bankynyň edara binalarynyň binagärlik toplumy bilen utgaşyp gidýär.
Aşgabadyň merkezindäki — Türkmenbaşy şaýolundan A.Nowaýy köçesine çenli uzap gidýän seýilgähiň durkuny täzelemek boýunça iri möçberli işler ýerine ýetirildi. Onuň umumy meýdany 170 inedördül metre golaý bolup, 86 müň inedördül metrden gowrak ýeri ýaşyl zolaklar eýeleýär. Täze “Bagtyýarlyk” bag-seýilgäh toplumy Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda açyldy, ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly ähmiýetli desgalary — Konstitusiýa binasyny we “Älem” medeni-dynç alyş merkezini bitewi binagärlik toplumyna sazlaşýar.
Şäher düzüminiň möhüm desgasynyň ýene bir bölegi – ýerasty inženerçilik-kommunikasiýa ötüginiň ikinji nobatdakysy ulanmaga berildi. Bu taslamanyň çäklerinde sözüň doly manysynda ägirt uly şäheriň ýerasty bölegi gurulýar, onda elektrik, telefon, suw geçiriji we beýleki ulgamlaryň hem-de lagym akabalarynyň ýüzlerçe kilometri çekilýär. Bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzdaky ýerasty suwlaryň derejesini ep-esli peseltmäge, Aşgabat şäheriniň inženerçilik-kommunikasiýa düzümleriniň ulgamyny halkara ülňüleriniň derejesine çykarmaga, şäheriniň durmuş üpjünçilik meselelerini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berer.
Aşgabadyň ýaşaýyş jaý gaznasy hem yzygiderli artýar. Oguzhan köçesi bilen Bitarap Türkmenistan şaýolunyň arasynda, gurluşygyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde ýokary amatlyklary bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş medeni maksatly binalaryň gurluşygy başlandy. Dokuz gatly köp otagly ýaşaýyş jaýlary gurulýan, paýtagtymyzyň Parahat-7 etrapçasy ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Bu iri gurluşyk toplumynda birnäçe mekdepler we çagalar bagy, saglyk öýi we beýleki durmuş ähmiýetli binalar ýerleşer.
Köşi ýaşaýyş jaý toplumyny, Çoganlyda kottež jaýlary gurmak boýunça meýilnamalar hem durmuşa geçirilýär. Aşgabadyň ýol-ulag düzümi, köprüleriň, ýerasty, ýerüsti gurluşygyny hasaba almak bilen döwrebaplaşýar. Aşgabadyň energiýa bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça, şol sanda howa elektrik geçirijilerini ýerasty elektrik geçirijilere çalyşmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrundan geçýän paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ol ýerde belent jaýlardan başga-da, 16 sany 3 we 4 gatly ýaşaýyş jaýlary we 208 sany 2 gatly kottežler, 11 söwda dükany gurlar. Şeýle hem 160 orunlyk çagalar bagy we 600 okuwça niýetlenen umumybilim berýän orta mekdep, seýilgähler zolagy gurlup, ulanmaga berler. Bu ýerde 13,6 kilometr awtoýollary çekmek hem göz öňünde tutulýar.
Paýtagtymyzyň täze gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan köçeleriniň ugrunda gurulýan şeýle ýadygärlik binalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülýär. Täze guruljak binalar hem şäheriň döwrebap keşbine özboluşly gözellik goşar.
Gahryman Arkadagymyz: “Paýtagtymyz milli buýsanjymyz bolmak bilen, onuň yzygiderli ösdürilmegi biziň umumy wezipämizdir” diýip belleýär. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň täze binalaryny gurmakda türkmen binagärleriniň uly hyzmaty bar. Türkmen binagärleriniň we gurluşykçylarynyň täze nesli kemala gelýär. Institutymyzyň mugallymlary we talyplary öz taslamalary bilen paýtagtymyzyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Geçen ýyl açylan “Abadançylyk” binasynyň taslamasynyň biziň institutymyzyň mugallymlary we talyplary tarapyndan işlenip düzülendigini bellemek örän ýakymlydyr.
Ogulnabat Saryýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.