Hormatly Prezidentimiziň: “Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsançlary, milli häsiýetleri, milli ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi siňipdir. Bu milli mirasyň gözbaşy dünýäniň dörän ilkinji gününden gözbaş alyp, XXI asyrda – türkmen halkynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz ösüşiniň ýokary belentliklerine ýetdi” diýen parasatly sözleri türkmen halk döredijiliginiň esasy ugry bolan lälelere hem degişlidir.
Läle – türkmen sözi bolup, ol “gül”, “gül-gülälekli meýdan” diýmegi aňladýar. Gelin-gyzlaryň çeper döredijiligine “läle” diýip at berilmegi türkmen jemgyýetinde, şeýle-de şahyrana döredijilikde al-elwan güller bilen gelin-gyzlary bir-birinden aýryp bolmajak gözellik düşünjesi bolup duranlygyndandyr.
Gelin-gyzlaryň ýürek telwaslarynyň, köňül arzuwlarynyň beýany bolan läleler özboluşlylygy we milli owaza ýugrulanlygy bilen aýratyn häsiýete eýedir. Islendik ýerde, bereketli topragymyzyň islendik künjeginde eşitseň-de, onuň türkmen heňi bolup ýaňlanýandygyny:
Läle-läle,läle jan-a,
Aýdyň, gyzlar, läle jan-a
– diýen setirleri aýdyň beýan edýär.
Läleler özüniň ýerine ýetiriliş aýratynlygy boýunça “Dodak lälesi”, “Bokurdak” – “Damak lälesi”, “Aýjoram lälesi”, “Hymmyl lälesi”, “Eňek lälesi”, “Egin lälesi” ýaly görnüşlere bölünipdir. Läleler düzüliş görnüşi taýyndan hüwdüler, monjugatdylar ýaly rubagy düzüliş formasyna ýakyndyr. Bu meňzeşlik pikiriň bir bentde gutarnykly aýdylmaýanlygy, beýleki bentler bilen many-mazmun yzygiderliligi taýdan baglanyşýanlygy, birinji, ikinji we dördünji setirleriň rifmalaşyp, üçünji setiriň aýdyljak bolunýan pikire özboluşly güýç beriş hyzmatyny ýerine ýetirýänligi ýaly ýagdaýlarda ýüze çykýar.
Läleler asyrlaryň dowamynda ähli wagtlarda hem ýerine ýetirilipdir. Ýöne ol türkmen sährasyna bereket-bossany bilen joşup bahar gelende ýerine ýetirilende, has gözel keşbe eýe bolupdyr. Çünki ýokarda belläp geçişimiz ýaly, läle, bahar güli bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin-de, läleleriň owazy, gülleriň owazy, nurana kalplaryň owazydyr.
Depä çykasym gelýär,
Desse bogasym gelýär.
Desse boýly jan jora,
Seni göresim gelýär.
Gadymy döwürlerde türkmen gelin-gyzlarynyň läleleri ýerine ýetirişi hem aýratyn häsiýete eýe bolupdyr. Olar läläni erkek adamlardan uzagraga çekilip aýdypdyrlar. Munuň düýp özeni halkymyzyň milli gylyk-häsiýetleri bilen baglanyşyklydyr. Haçan-da, topar-topar gyzlar ak sähralara çykyp, läle kakanlarynda, olaryň şirin owazy bütin töweregi gurşap alypdyr. Olar läleleriň üsti bilen ýürekde besleýän arzuwlaryny beýan edip, oňa ýetmegi isläpdirler. Elbetde, ol läleler gadymy döwrüň durmuş ýagdaýy bilen baglydyr.
Läleler türkmen halk döredijiliginiň hemişe ösýän, hereketde bolýan žanry hasap edilýär. Çünki läleler her bir döwre görä, öz üstüni ýetirip, öz çygryny giňeltmek häsiýetine eýedir. Bu ýagdaýy çeşme-çaýlaryň gol ýaýradyp, täze suwluklary döredişi ýa-da daragtlardan nahallaryň döräp, boý alyp, täze dagartyň döreýşine meňzetmek mümkindir. Ýurdumyzyň milli Garaşsyzlygyna eýe bolup, täze döwrüň, täze eýýamyň başlanmagy netijesinde dörän läleler bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr.
Ýaraşsyn-a, ýaraşsyn,
Golda dutar ýaraşsyn,
Wasp edeliň bagtymyz,
Gözel Diýar Garaşsyz.
Läleler häzirki döwürde iň işjeň ulanylýan görnüşdir. Läleler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda il agzybirliginde bellenilýän her bir toýuň bezegi, nurana owazy bolup ýaňlanýar. Haçan-da, ony egni milli lybasly, gülýakasy şaňňyrdyly, keşdeli gyzlar ýaýlymly-ýaýrawly ak öýlerde topar-topar bolup ýerine ýetirenlerinde, oňa köňüller maýyl bolup, kalplarda iň näzik duýgular oýanýar. Ol şirin owazlarda halkymyzyň ene topraga, ata Watana, mähriban Arkadagymyza synmaz söýgüsi, ajaýyp döwrümize bolan beýik buýsanjy bar.
Geçen hepdäniň şenbe gününde Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Balkan welaýat häkimliginiň guramagynda küştdepdi tansynyň we gazallarynyň joşgunly festiwalynyň geçirilmegi bagtyýar zamanamyzda halk döredijiligimiziň ähli žanrlarynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny aýdyň alamatlandyrýandyr.
Maral NURYÝEWA,
Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy.