Super ýyldyz Kristiano Ronaldo “Al Nassr” kluby bilen şertnama baglaşmak üçin bu Saud Arabystanyna geldi. Ýyldyz oýunçyny müňlerçe janköýer bilen bilelikde, klubuň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Ronaldo Er-Riýaddaky “Mrsool Park” stadiona ýygnan 30 müň töweregi janköýeriň öňünde Saud Arabystanynyň “Al Nassr” kluby bilen şertnama baglaşdy. Ol birnäçe topa, şol sanda köýnekçelere öz goluny çekip, janköýerlere paýlady. Gol çekişlik dabarasynda portugaliýaly ýyldyz:
– Men gelen netijämden hoşal. Şeýle netijä gelenim üçinem men buýsançly. Ýewropadaky makastlaryma ýetdim. Ähli zady gazanmak miýesser etdi. Iň uly klublarda oýnadym. Meniň Ýewropadaky missiýam tamamlandy. Indi täze başlangyçlaryň wagty. Maşgalam hem meniň bu ýere gelenime örän şat. Meni bu ýurtda diýseň mähirli garşy aldylar. Men bu ýere diňe futbol oýnamak üçin däl, täze nesilleriň aň-düşünjesine oňaýly täsir etmek üçin, şol sanda zenan futbolynyň ösmegine-de goşant goşmak üçin geldim. Ýewropadan, Braziliýadan, ABŞ-dan, Awstraliýadan hatda, Portugaliýadan hem klublar meni düzümine goşmak isledi. Ýöne men Al Nassr toparyny saýladym. Sebäbi men bu topara söz beripdim. Men unikalnyý futbolçy. Ýewropada rekord baryny goýdum. Indem gezek Saud Arabystanynda. Bu meniň karýeramyň soňy däl. Köpler bu ýerde-de bäsdeşligiň ýokary depginde geçýändiginden bihabar. Men birnäçe duşuşyga tomaşa etdim – diýip, çykyş etdi.
Maşgalasy bilen Er-Riýada gelen Ronaldo ýurduň iň abraýly kluby “Al Nassr” bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol şol döwür üçin ýyllyk azyndan 200 million ýewro hak alar.
“Al Nassr” toparynyň tälimçisi, fransiýaly belli hünärmen Rudi Garsiýa hem klubuň täze transferi bilen baglanyşykly:
– Men şu zalda adatça her oýundan soň 3-4 žurnalisti görýärdim.Ýöne häzir beýle däl. Ronaldo dünýä futbolynyň taryhyndaky iň uly ýyldyzlarynyň biri. Ol rowaýaty futbolçy. Onuň bilen türgenleşik geçmek hem ýeňil bolar. Onuň bu kluba gelmegi çempionat üçinem, ýurt üçinem taryhy pursatlaryň birimikä diýýärin. Biziň klub bolup ondan öwrenere zadymyz köp. Ikimizemiňem ýeňiş gazanasymyz gelýär – diýip, beýanat berdi.