Milli Liderimiz täze belentliklere ýetmekde ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň derwaýysdygyny şeýle belleýär: “Şöhraty gün-günden arşa göterilýän türkmen diýaryny ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmekde döwletiň esasy sütünleriniň biri bolan ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek esasy maksatlarymyzyň biridir”. Şeýle-de, Arkadag Prezidentimiz ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmen topragy ylym-bilim ojagynyň merkezi bolup, dünýäniň meşhur alymlary Merw, Amul, Köneürgenç, Abiwert ýaly şäherlerde özleriniň dünýä ähmiýetli ylmy açyşlaryny, oýlap tapyşlaryny amala aşyrandyklaryny belläp geçýär.
Hakykatdan-da, seljuklar döwrüniň ylym hem bilim ulgamyndaky ägirt uly ähmiýete eýe bolan “Nyzamyýe medreseleri” diýlip atlandyrylan medreseler gadymy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda belent derejeli bilimli bolmagyna uly rol oýnapdyrlar.
Goja taryhymyzyň şaýatlyk edişi ýaly, seljuklar döwrüniň ilkinji medresesi Togrul begiň häkimlik eden döwründe onuň hemaýaty bilen gurlupdyr. Seljuk imperiýasynyň berkäp, güýjäp başlan döwründen (Soltan Alp Arslanyň häkimlik eden wagty) bilime, aň-düşünjä uly ähmiýet berlip başlanýar. Şu hadysa Alp Arslanyň soňra, Mälik şanyň baş weziri bolan Nyzamy Mülküň uly tagallasynyň bolandygyna şaýatlyk edýän käbir taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Seljuklar döwründe ilkinji medrese Nyşapurda 1066-njy ýylda bina edilýär. Medresä bu ugurda iň uly tagalla eden meşhur weziriň hatyrasyna “Nyzamyýe” diýlip at berlipdir. Nyzamy Mülk ýeterlik sowatly bolansoň, döwletiň binýadyny berkidýän närsäniň özeninde bilimiň we ylmyň ýatýandygyna juda oňat düşünipdir. Gaznaly döwletiniň hökümdarlary Mahmyt Gaznalynyň we Mesgut Gaznalynyň zamanasynda hem hususy medreseleriň ençemesi bolupdyr. Olar ýerli metjitlere degişli bolup, olarda yslam dini bilen bagly ugurlar öwredilipdir.
Nyzamy Mülküň medreseler gurmak baradaky tagallalary düýpli bilim reformasyny emele getiripdir. Onuň guran medreseleri özbaşdak ylym ojagy bolup, dini dersler bilen bir hatarda, dünýewi ylymlar öwredilipdir, olara döwlet tarapyndan hemaýat edilipdir.
Muhammet al-Gazaly, Sagdy Şirazy, Jüweýni, Sabyt Hojandy ýaly alym-şahyrlar “Bagdat nyzamyýesinde” mugallymçylyk edipdirler we şol ýerde döredijilik ýoluna başlapdyrlar. Mundan başga-da Reýde, Samarkantda, Amulda, Horezmde, Basrada, Hyratda, Mosulda jemi ýüze golaý “nyzamyýeleriň” açylmagy, olarda jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan höwes bildiren ýaşlaryň bilim alyp bilmekleri şol döwrüň bilim ulgamynda uly üstünlikdir.
Seljuklar zamanynda ilkinji gezek döwlet tarapyndan talyp haklary tölenilip başlanypdyr. “Nyzamyýe medreselerinde” okuw otaglaryndan başga, umumy ýaşaýyş jaýy, kitaphana, dynç alyş otaglary, hammam, metjit, hassahana bolupdyr. Döwlet tarapyndan her ýyl “nyzamyýeleriň” gurulmagyna we olaryň harajatyna 600 müň dinar goýberilipdir.
Medreseleriň gurulmagy halkyň bilimini artdyrmak bilen çäklenmän, jemgyýetçilik gurluşynyň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetiripdir. Orta asyrlarda ruhy sagdynlyk, ikinjii nobatda, ylahy ideýalar bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Şoňa görä, düýp ylahy (ortodoksal) yslam ideýalary “Nyzamyýe” medreseleriniň esasy ülşüni emele getiripdir. Medreseler, bir tarapdan, sünni mezhebiniň wagyzçylary bolup hyzmat eden bolsalar, ikinji tarapdan, halklaryň medeni we dini ugurdan bütewiligini emele getiriji hökmünde çykyş edipdirler. “Nyzamiýeleriň” dünýäniň dürli ýerlerinden okamaga gelen talyplaryň üsti bilen öz meşhurlygynyň artmagy Seljuk döwletiniň has pugtalanmagyna getiripdir. Galyberse-de, Nyzamy Mülküň ýurdy dolandyrmakdaky liberal häsiýeti, imperiýanyň ýaýran ýerlerinde täzeçil, ylalaşyjylykly garaýyşlaryň ilerlemegine mümkinçilik döredipdir. Ylym älemindäki açyşlar we täzelikler, ilki bilen medreselerde aýan edilipdir, olar hakynda pikir alyşmalar guralypdyr. Nyzamy Mülk dürli hemaýat beriji dini we jemgyýetçilik guramalaryny “nyzamyýeleriň” üpjünçiligini gowulandyrmaga çekmegi başarypdyr. Käbir medreselerde talyp haklary döwlet tarapyndan tölenip, beýleki harajatlary hemaýat beriji guramalar (wukuf) tarapyndan amala aşyrlypdyr.
“Nyzamýe” medreseleriň iň meşhury 1067-nji ýylda açylan we ýokary bilim beren Bagdat medresesi hasap edilýär. Bu medresäniň gurluşygyna we üpjünçiligine 60 müň altyn dinar harçlanypdyr. Bina ýokary hilli palçykdan salnypdyr we özboluşly binagärçilik görnüşe eýe bolupdyr.
Medrese açyk howlynyň töwereginde setirleýin inedördül şekilde ýerleşdirilen kiçiräk gümmezli otaglardan ybarat bolup, howlynyň ortasynda uly bolmadyk suw çüwdirimi ýerleşdirilipdir. Medresäniň her burçunda ululy-kiçili dört eýwan bolup, kybla bakýan eýwan beýlekilerden has ululygy we owadanlygy bilen tapawutlanypdyr. Adatça, ol eýwan metjit hökmünde ulanylypdyr. Ondan başga-da obserwatoriýanyň we barlag laboratoriýasynyň bolmagy, ýokarda belleýşimiz ýaly, öz döwrüniň iň meşhur alymlarynyň işe çekilmegi beýleki medreselerden ony has tapawutlandyrypdyr. Bagdat medresesiniň kitaphanasyna diňe hemaýat guramalary (wukuf) tarapyndan kömek hökmünde 6 müň jilt kitap berlipdir. Ol XIV-XV asyrlarda meşhurlygyň iň belent, iň ýokary derejesine ýetipdir. Onuň meşhurlygy tutuş Gündogara dolupdyr. Ýeri gelende bellesek, Ýewropanyň ilkinji uniwersitetleri diňe şondan iki asyr soňra, ýagny, XIII asyrda işläp başlapdyr.
Bu aýdylanlar bagtyýar zamanamyzda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gün-günden rowaçlanýan, ýyl-ýyldan kämilleşýän bilim ulgamynyň berk binýatly taryhy kökleriniň bardygyna anyk şaýatlyk edýär!
Döwlet Rejebow,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
mugallymy.