Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň Germaniýadan galanynda arakesme tamamlandy. Geçirilen şu tapgyrdan soň Ýewropanyň esasy çempionatlarynda ýeňlişsiz topar galmady. Ilki «Benfikanyň», soňra PSŽ-niň we ahyrynda-da «Napoliniň» ýeňlişsiz ýörişi tamamlandy.

Italiýanyň çempionaty «Serie A»-da sanawyň ýeňlişsiz lideri «Napoli» bu derejesini elden giderdi. «Interden» 1-0 asgyn gelen «Napoliniň» derwezesinden ýeňiş goluny 56-njy minutda Edin Jeko geçirdi. Çempion «Milan» myhmançylykda «Salernitanany» Rafael Leao hem-de Sandro Tonaliniň gollary bilen 2-1 ýeňdi. «Ýuwentus» oýnuň soňky minutlarynda, has takygy, 90+1-nji minutda Arkadiuş Miligiň geçiren goly bilen entek ýeňşi bolmadyk «Kremonezeni» 1-0 utdy. «Serie A»-da bu tapgyrda «Lasio» myhmançylykda «Leççeden» 2-1 asgyn gelen bolsa, paýtagtyň beýleki wekili «Roma» Pellegrininiň penaltiden geçiren goly esasynda «Bolonýany» 1-0 ýeňlişe sezewar etdi.

Şunlukda, «Napoliniň» hem ýeňilmeginden soň, Ýewropanyň esasy öňe saýlanan çempionatlarynda ýeňlişsiz ýeke topar hem galmady.