Maşk etmegiň ruhy we fiziki saglyga peýdasy sanardan köp. Lukmanlar, esasan hem, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde maşk etmegiň ähmiýetlidigini belleýärler. Yzygiderli maşk etmek bedeniň immunitetiniň güýçlenmegine ýardam edýär. Häzirki wagtda keselleriň köpüsi hereketsizlikden ýa-da oturymly iş ýörelgesinden ýüze çykýar. Mysal üçin, hereketsizlik bedeniň artykmaç agramly bolmagyna getirip bilýär. Kadadan daşary köp agram bolsa, dürli nähoşluklara sebäp bolýar. Şeýlelikde, yzygiderli maşk etmek ýa-da sport bilen meşgullanmak adam saglygyna oňyn täsir edýär. Golaýda «Allergy» žurnalynda çap edilen makalada fiziki hereketiň immuniteti güýçlendirýändigi, ýokanç keselleriň öňüni alýandygy bellenilýär.
Öwliýäguly Mämmedow,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň öwreniji mugallymy.