Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm  ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Ýagşy niýetler, uly arzuw-umytlar bilen garaşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň  ,, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bolsa biz- ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň  Milli Geňeşiniň Mejlisiniň  karary esasynda ,, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip  yglan edilen 2023-nji ýylyň şygarynda hem ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara bildirilen uly ynam öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: ,, Biz  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek  wezipelerini öňe sürdük. Şu  belent maksatlara ýetmekde ýurdymyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhynda  terbiýelemegi häzirki  döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda ýerine ýetirilmeli  anyk işler bolsa 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen  Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar  guramasynyň VII gurultaýynda tassyklanan  ,, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda “  Türkmenistanyň  Kanunynyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapdy.

Mälim bolşy ýaly, ,, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda “   Kanuny rejelemek, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz  Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Geçen ýylyň 14-nji iýunynda Arkadagymyzyň başlyklygynda  ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahat döwlet ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň ileri  tutulýan  meselelerine bagyşlandy. Şonda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy  maslahata gatnaşyjylary ýaşlar hakynda täze Kanunyň  pikirlerini we tekliplerini  öwrenmegiň zerurdygyny nygtady. Şoňa  görä-de, degişli  Kanunyň taslamasy taýýarlananda, ýaşlaryň  isleg-arzuwlarynyň, teklipleriniň nazara alynandygyny aýratyn bellemek gerek.

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň iň gowy milli däpleri hem-de döwrebap meýillere açyklygy  özünde jemlemek bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesini we Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini nazara alýar. Şonuň üçin milli kanunçylyk namalaryny ykdysadyýetimizde, jemgyýetimizde amala aşyrylýan özgertmelere  laýyk getirmek häzirki döwüriň möhüm talaby bolup durýar. Bu özgertmeler, şol sanda  ,, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň   Kanuny hem  ýurdumyzy durmuş-ykdysady  taýdan ösdürmegiň  täze ugurlaryny kesgitlemäge, raýat jemgyýetini döretmege mümkinçilik berýär.

Men özümi şu ajaýyp döwürüň, berkarar döwletiň iň bagtly ýaşlarynyň biri hasaplaýaryn. Biziň ýurdumyzda  arzuw etseň we oňa ýetmek üçin yhlasly zähmet çekseň, maksadyň hökman myrat  tapýar.  Bu hakykata her birimiz hem öz durmuşymyzda  aýdyň göz ýetirýäris. Döredilýän giň mümkinçilikler biz – ýaşlary täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Bize uly ynam bildirýän  Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys. Ýylymyz düşümli, döwletli, döredijilikli ýyl bolsun!

Albina ZAKIRJANOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.