Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek üçin bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde ýurdumyzyň ähli kärhanalarynda bäsleşige döz gelip biljek ýokary hilli harytlaryň önümçiliginiň ymykly ýola goýulmalydygyny belläp geçýär. Milli Liderimiziň ýakyndan alada etmeginde soňky ýyllarda bu ugurda uly ilerlemeleriň bolup geçendigini guwanç bilen belläsimiz gelýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak güýçli depginde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu tutumly işleriň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli we durnukly ösüşini üpjün etmek üçin öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary saýlap almak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Arkadag Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän ajaýyp işleriniň her täze okuw ýylynyň başynda 1-nji synpa baran okuwçylaryň ählisine täze kompýuter sowgat berýänliginden, ähli okuw jaýlarynyň, saglyk, anyklaýyş, sport merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, döwlet, jemgyýetçilik edaralarynyň, mekdepleriň, sport mekdepleriniň … iň kämil derejedäki tehnologiýalar, barlag enjamlary bilen doly üpjün edilmegini gazananlygyndan başlanýandygyny guwanç bilen belläsimiz gelýär.
2014-nji ýylda kabul edilen “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Innowasiýa işi hakynda”, “Ylmy tehnologiýalar parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzda innowasion taslamalary işläp taýýarlamagyň hem-de ornaşdyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny pugtalandyrdy. 2015-nji ýylda kabul edilen “Türkmenistanyň innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň” esasy maksady-da Türkmenistanyň ylym we tehnologiýalar ulgamynda möhüm ylmy-tehnologik ugurlaryň we barlaglaryň hil taýdan täze derejesini döretmekden, tebigy we takyk ylymlary hem-de innowasion senagaty ösdürmekden, ylmy-tehniki işiň netijeliligini ýokarlandyrmakdan we täze döredilen tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu maksatnama ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, bäsleşige ukyply, elektron we elektrotehniki senagatyň döredilmegini, ýurdumyzda elektron pudagyň döremegini nazarlaýar.
Ýokarda agzalan Kanunlar, döwlet maksatnamasy esasynda täze tehnologiýalaryň ýa-da hereket edýän tehnologiýalaryň täze utgaşmasynyň döredilmegi, bilimleriň esasynda düýpli kämilleşdirilen usullaryň ornaşdyrylmagyny, 2015-nji ýylda senagatymyzyň ýurdumyz boýunça jemi öndürilen önümiň ýarysyna golaýyny üpjün etmegini şertlendirdi. Golaýda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” döwlet konserni bilen “Sowatlyhojalyk” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýöriteleşdirilen “Elektron ylhamy” hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi hem ýurdumyzda elektrik paýlaýjy enjamlary, yşyklandyryjy abzallary öndürýän kiçi kärhanalaryň döredilendigini buşlady. Kärhananyň ulanyjylar üçin transformator bekediniň toplumyny, LED çyralarynyň nusgalyk görnüşlerini öndürmegi bu önümler bilen içerki bazarymyzyň doly üpjün ediljekdigine güwä geçýär. “Türkmenmaşyngurluşyk” döwlet konserni bilen “Tehniki serişdeleriň serwisi” hojalyk jemgyýetiniň döreden ”Senagat tehnologiýalary” bilelikdäki paýdarlar jemgyýeti-de awtomatik enjamlary öndürmegi ugur edinýär. Bu paýdarlar jemgyýetinde “Toush screen” maglumat–elektron tablosynyň, Gün energiýasy ulgamynda ulanylýan salgy görkezijileriň önümçiliginiň ýola goýulýandygy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy ulgamyň paýynyň artýandygyna, ýakyn gelejekde berkarar döwletimiziň senagatlaşan döwletleriň hataryna goşuljakdygyna anyk şaýatlyk edýändir.
Biziň milli ykdysadyýetimiz üçin iň ähmiýetli baýlyklaryň biri hem nebitdir. Häzirki wagtda guýylary netijeli özleşdirmek, gerekli ölçeglere gözegçilik etmek, şeýle hem guýynyň işini dolandyrmak üçin innowasion dolandyryş ulgamlary peýdalanylýar. Täze tehnologiýalary ulanyp, nebit guýusyny gazmak, olarda suwuň süýşmeginiň netijesinde, täze durnukly zolaklary anyklamak has ýeňil düşýär. Bu işlerde guýynyň içindäki basyşy, temperaturany, dykyzlygy ýaly ölçegleriň monitoringine uly üns berilýär. Bu maglumatlar nebit ojaklarynda amatly guýulary saýlap almak şertini döredýär. Täze enjamlaryň kömegi bilen durnukly zolaklary tapyp, olardan iň amatlysyny saýlap alyp bolýar.
Innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen öndürilen önümleriň oňat hillidigine biz gündelik neşirlerimizi, täzelikde çap edilen kitaplary elimize alanymyzda, hasam aýdyň göz ýetirýäris.
Hormatly Prezidentimiz täze Metbugat öýi toplumyny açyp berdi. Topluma integral çaphana usulynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda çaphana işini täze derejä galdyrdy. Çaphanada “Retratto 100 M” kesiji-ýelmeýji täze tehnologik enjamyň oturdylmagy çap edilýän kitaplaryň hiliniň dünýä derejesinde bolmagyna, sanyny artdyrmaga mümkinçilik döretdi. Täze enjamlaryň awtomatik usulda işlemegi, taýýar önümleri anyk sanamagy, olary termosapaklar bilen tikmek, taýýar önümleri kitap görnüşine salmak üçin awtomatlaryň ulanylmagy neşir işlerini çaltlandyrdy. Oturdylan tehnologiýanyň kitaplaryň halkara derejesinde ykrar edilen ekologiýa kadalaryna laýyk gelýändigini hem aýratyn nygtasymyz gelýär.
Bu aýdylanlar häzirki döwürde Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ähli önümçilik ulgamlarynyň täze hil derejesine çykandygynyň, ykdysadyýetimiziň ýylyň-ýylyna barha kuwwatlanýandygynyň, şeýlelikde-de, berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň has-da artýandygynyň güwäsidir.
Akjagül AŞYROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
uly mugallymy.