Bazar barlaglaryny geçirýän «Statista» platformasynyň hünärmenleri geçen ýylyň iň girdejili kompaniýalarynyň sanawyny taýýarladylar. Sanawda «Saudi Aramco» kompaniýasy 300 milliard dollardan gowrak girdejisi bilen birinji orny eýeleýär. Saud Arabystanynyň nebit-gaz kompaniýasy çig nebit ätiýaçlyklary boýunça dünýäde ilkinjileriň hatarynda durýar. Sanawyň ilkinji bäşligine «Apple», «Microsoft», «Alphabet» we «Equinor» ýaly kompaniýalar giripdir. Kompýuter, smartfon we sarp ediş elektronikasyny öndürýän «Apple» kompaniýasy 122 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Kompýuter programmalaryny döredýän «Microsoft» kompaniýasy 84 milliard dollar girdejisi bilen üçünji orunda gelýär. «Google»-a eýeçilik edýän «Alphabet Inc.» 78 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Norwegiýanyň «Equinor» energiýa kompaniýasy 77 milliard dollar girdeji bilen bäşinji bolupdyr. Bu sanaw degişlilikde, «Exxon Mobil», ICBC, «Shell», «China Construction Bank», «Petrobras», «Pampa Energia», «Chevron», «JPMorgan Chase», «TotalEnergies» kompaniýalary bilen dowam etdirilýär.
Leýli BATYROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
PDF









