«Türk­men şöh­le» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ýa­kyn gel­jek­de ça­ga­la­ryň sür­me­gi üçin ni­ýet­le­nen ki­çi we­lo­si­ped­le­ri we po­lip­ro­pi­len­den otur­gyç­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň res­mi saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär.
«Şöh­le plas­tik» ha­ryt ny­şa­ny bi­len ön­dü­ril­jek we­lo­si­ped­ler 3-5 ýaş­ly kör­pe­le­re ni­ýet­le­ner. Ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň önüm­ha­na­syn­da Hy­ta­ýyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň önü­mi bo­lan döw­re­bap en­jam­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy aý­da bir­nä­çe ton­na önüm ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Kär­ha­na­da hä­zir­ki wagt­da plast­mas­sa­dan öý ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­nyň, ça­ga oý­na­waç­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, kär­ha­na­nyň ýur­du­myz­da il­kin­ji bo­lup la­mi­na­tyň dü­şe­gi­niň önüm­çi­li­gi­ni hem ýo­la go­ýan­dy­gy­ny aýt­mak bo­lar.
«Türk­men şöh­le» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň önüm­le­ri­ne da­şa­ry ýurt­lu­lar ta­ra­pyn­dan hem öz­bo­luş­ly is­leg bil­di­ril­ýän­di­gi­ni, şeý­le-de bu önüm­le­riň bir­nä­çe ýur­da eks­port edil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.