Ýaponiýa gyşyna köp ygal düşýän ýerleriň biri hasaplanýar. Ýurduň dag gerişlerine adam boýundan hem galyň gar ýagýan pursatlary bolýar. Tehnologiýa babatda ösen ýu ýurtda gardan energiýa almak öwreniler. Aomori şäherinde ýörite iş ulaglary bilen toplanan gar deňze guýulýar. Ýollary we beýleki ýerleri gardan arassalamak üçin her ýylda millionlarça ýen pul sarp edilýär. Tokýodaky Elektroaragatnaşyk uniwersitetiniň hem-de “Forte Co.” Kompaniýasynyň hünärmenleri gardan peýdalanyp, energiýa öndürmek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Synag maksady bilen howuzda ýygnalan gar bilen onuň töweregindäki temperatura tapawudyndan peýdalanyp, elektrik energiýasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Meýilnama görä, basylyp goýlan gar bilen sowadylan suwuklyk daşarky howanyň ýylylygy netijesinde bugarar. Netijede öndürilen energiýa bilen turbina hereket getiriler. Taslamanyň çäklerinde toplanan garyň sowuklygyny saklamagy üçin howzuň içi ýylylyk geçirmeýän material bilen örtüler. Elektrik energiýasynyň önümçiligi bahar aýynyň gelmegi bilen ýola goýlar. Kompaniýanyň wekili Kasai Jun bu usulyň köp gar ýagýan ýerlere mahsus arassa energiýa çeşmesi boljakdygyny belleýär.