Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Tok­ýo­da maş­ga­la­la­ra ikin­ji ça­ga­sy üçin kö­mek ber­ler. Şu ýy­lyň okt­ýab­ryn­dan baş­lap, 2 ýa­şa çen­li ça­ga­la­ra ideg et­mek üçin edil­ýän çyk­da­jy met­ro­pol hä­kim­li­gi ta­ra­pyn­dan tö­le­ner. Ýur­duň 47 we­la­ýa­ty­nyň ara­syn­da Tok­ýo­da ilat sa­ny­na gö­rä, iň az ça­ga dog­rul­ýan ýer ha­sap­lan­ýar. Tok­ýo met­ro­pol hä­kim­li­gi­niň be­ýa­na­ty­na gö­rä, ikin­ji ça­ga üçin be­ril­jek gol­da­wyň maş­ga­la­nyň gir­de­ji­si­ne ga­ra­maz­dan, hem­me­le­re be­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Il­kin­ji no­bat­da, 50 müň maş­ga­la gol­daw be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Hä­kim­lik bu mak­sat üçin 2023-nji ma­li­ýe ýy­ly­nyň býu­je­tin­den 11 mil­liard ýen (85 mil­li­on dol­lar) bö­lüp be­rer. Hä­kim­lik her ça­ga üçin aý­lyk 5 müň ýen ma­li­ýe gol­da­wy­nyň be­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň Içe­ri iş­ler we ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 2022-nji ýyl­da ýurt­da 125 mil­li­on ýa­şaý­jy bo­lup, ola­ryň 19,3 mil­lio­ny 75 ýaş­dan, 36,2 mil­lio­ny 65 ýaş­dan ýo­ka­ry.
Gar­ry diý­lip ha­sap­lan­ýan 65 ýaş­dan ýo­ka­ry ila­tyň sa­ny ba­bat­da Ýa­po­ni­ýa dün­ýä­de bi­rin­ji orun­da dur­ýar. Bu ugur­da Ita­li­ýa (24,1 gö­te­rim) ikin­ji, Finl­ýan­di­ýa (23,3 gö­te­rim) üçün­ji ýer­de dur­ýar.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş, iş we aba­dan­çy­lyk mi­nistr­li­gi­niň 2021-nji ýyl­da­ky mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýurt­da 100 ýaş­dan ge­çen ila­tyň sa­ny 86 müň­den ge­çip­dir we bir asyr­dan köp ýa­şan adam­la­ryň sa­ny 51 ýyl­dan bä­ri kö­pel­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär.
Ýur­duň Ilat we sos­ýal howp­suz­lyk bar­lag­la­ry mil­li ins­ti­tu­ty­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, Ýa­po­ni­ýa­da 2040-njy ýy­la 65 ýaş­dan uly ýa­şaý­jy­la­ryň sa­ny umu­my ila­tyň 35 gö­te­ri­min­den köp bo­lar.

Golaýda ilatyň sanynyň artýandygy göz öňünde tutulyp, Tokýodan göçüp gitjeklere maddy goldawyň beriljekdigi mälim edilipdi.