Ýaponiýanyň paýtagtynda ýaşaýjylaryň sanyny azaltmak üçin täsin çözgüt ýola goýuldy. Ýurduň hökümeti Tokýodan göçüp girjeklere maddy goldaw berjekdigini mälim etdi. Ýurduň ilatynyň üçden biri bu şäherde ýaşaýar. Ýurtda soňky ýyllarda çaga dogluşy barha azalyp, ýaşuly ilatyň sany artýar. Soňky 22 ýyldan bäri Tokýo göçüp gelýänleriň sany köpelýär. Şeýle bolansoň, ýurduň hökümeti bu şäheri terk etjeklere 3 million ýen maddy goldaw berjekdigini mälim etdi. Göçüp gitmek üçin beriljek bu goldaw şäheriň 23 merkezi sebitine degişli bolup, başga ýerde işlemäk ýa-da täze işiň başyny başlamak isleýänler bu kömekden peýdalanyp bilerler. Bu barada berlen beýanatda agzalýan 23 merkezden näçeräk uzaga göçüp gidilmelidigi mälim edilmedi. Maliýe goldawynyň göçmek, ýerleşmek we ýaşaýyş jaý tapmak ýaly çykdajylar üçin beriljekdigi mälim edildi. Bu goldawyň geljek ýyl ýola goýulmagyna garaşylýar.
2018-nji ýylyň maglumatlaryna görä, paýtagt Tokýonyň ilaty 38 million 140 müň. Ilatyň 13 million 839 müň şäher merkezinde ýaşaýar.