Arassa energiýa önümçiliginde daşary ýurtly kompaniýalary çekýär

96

Ge­çen ýyl ABŞ-da çy­la­ry­lan tä­ze ka­nun ýurt­da al­ter­na­tiw ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi­ni we şo­ňa de­giş­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ry art­dyr­ma­ga ýar­dam et­di. Bu ka­nu­na gö­rä, elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa­lar dür­li ýe­ňil­lik­den peý­da­lan­ýar. Mer­ke­zi eda­ra­sy Se­ul­da ýer­leş­ýän “Qcells” kom­pa­ni­ýa­sy hem bu ýurt­da ma­ýa go­ýu­my­ny art­dyr­ýar. Gün pa­nel­le­ri­ni ön­dür­ýän ko­reý bren­di Jor­ji­ýa şta­tyn­da Gün ener­gi­ýa des­ga­la­ry üçin üp­jün­çi­lik zyn­jy­ry­ny gur­mak üçin 2,5 mil­liard dol­lar­dan gow­rak ma­ýa goý­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Tas­la­ma la­ýyk­lyk­da kom­pa­ni­ýa­nyň Dal­ton şä­he­rin­dä­ki za­wo­dy gi­ňel­di­ler hem-de şta­tyň Kar­ter­wil şä­he­rin­de ýe­ne bir za­wod gur­lar. Şeý­le­lik­de, “Qcells” ABŞ-da çig mal­dan taý­ýar pa­ne­le çen­li do­ly in­teg­rir­le­nen, krem­niý esas­ly Gün ener­gi­ýa üp­jün­çi­lik zyn­jy­ry­ny dö­re­den il­kin­ji kom­pa­ni­ýa bo­lar. Bu ýer­de ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de düý­bi tu­tul­jak Gün pa­ne­li za­wo­dy­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 3,3 gi­ga­wat (GW) bo­lar. Ne­ti­je­de, Dal­ton şä­he­rin­dä­ki des­ga­da goş­ma­ça 510 iş or­ny peý­da bo­lar. Şeý­le­lik­de, “Qcells”-iň ştat­da­ky umu­my iş­gär­le­ri­niň sa­ny 4000-e ýe­ter.
Ko­reý bren­di Jor­ji­ýa­da­ky il­kin­ji za­wo­dy­ny 2019-njy ýyl­da aç­dy. Bu za­wo­dyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty ýyl­da 1,7 GWt bo­lup, 750 adam zäh­met çek­ýär.

Be­genç Gur­ba­now, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my