Hytaýda Bahar baýramy dowam edýär

174

Hy­taý­da däp bo­lan Ba­har baý­ra­my­nyň (Çuns­ze, Hy­ta­ýyň Tä­ze ýy­ly) baş­la­ma­gy bi­len ýurt şat­lyk-şa­ga­la­ňa gur­şal­dy. 7-nji ýan­war­da tu­tuş ýurt bo­ýun­ça Ba­har baý­ra­my bi­len bag­la­ny­şyk­ly hy­taý­ly­la­ryň möw­süm­le­ýin sy­ýa­hat­la­ry we ge­ze­lenç­le­ri baş­la­dy. Tä­ze ýyl bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­re­le­r 40 gün do­wam ed­ýär.
Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, bu dö­wür­de azyn­dan 2 mil­liard­dan gow­rak sy­ýa­hat ama­la aşy­ry­lyp, bu ge­çen ýyl­da­ky­dan iki es­se köp­dür. 8-nji ýan­war­da ýur­duň bir­nä­çe por­tun­da güm­rük taý­dan res­mi­leş­dir­mek gaý­ta­dan ýo­la goý­lup, üç ýyl bä­ri tog­ta­dy­lan hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk açyl­dy. Bu müm­kin­çi­lik awia­pe­tek­le­ri sar­gyt et­mek, şeý­le-de köp ýurt­da hy­taý­ly sy­ýa­hat­çy­la­ra hö­wes bi­len ga­ra­şyl­ma­gy bi­len ut­gaş­dy.
Hy­ta­ýyň Tä­ze ýy­ly ýer­li ilat üçin iň mö­hüm baý­ram­çy­lyk bo­lup, iki müň ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri bel­le­ni­lip ge­lin­ýär. Hy­taý se­ne­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Tä­ze ýyl 22-nji ýan­war­dan 5-nji few­ra­la çen­li mil­li däp­ler esa­syn­da do­wam ed­ýär.

Ogul­su­raý BA­BA­ÝE­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.