Ýew­ro­pa­da ýy­lyň aw­tou­la­gy baý­ra­gy­na “Je­ep Aven­ger” elekt­rou­la­gy my­na­syp gö­rül­di. Aw­tou­lag se­na­ga­ty­nyň ab­raý­ly baý­ra­gyn­da “Volks­wa­gen ID.Buzz” hem-de “Nis­san Ariya” de­giş­li­lik­de ikin­ji we üçün­ji orun­la­ry eýe­le­di.
Baý­rak her ýyl­da ge­çi­ril­ýän Brýus­sel aw­tou­lag ser­gi­si­niň çäk­le­rin­de gow­şu­ryl­ýar. Emin ag­za­la­ry 23 Ýew­ro­pa ýur­dun­dan 59 žur­na­list­den yba­rat. Her bir emin ag­za­sy­nyň je­mi 25 bal ber­mä­ge hu­ku­gy bo­lup, bir ula­ga iň köp 10 bal be­rip bil­ýär. Emin ag­za­sy ba­ha­lan­dyr­ma­sy­na esas bol­ýan se­bä­bi hem mä­lim et­me­li.

Volkswagen ID.Buzz

Bi­rin­ji bolan “Je­ep Aven­ger” je­mi 328 bal al­dy. “ID.Buzz” 241, “Nis­san Ariya” 211 bal al­dy. Beý­le­ki da­laş­gär­ler “Kia Ni­ro” 200, “Re­nault Aust­ral” 162, “Peu­ge­ot 408” 149 we “Su­ba­ru Sol­ter­ra” 133 ba­la eýe bol­dy.
Bu ýe­di da­laş­gär mun­dan ozal Da­ni­ýa­da ge­çi­ri­len bir hep­de­lik tes­tiň we des­lap­ky ses ber­li­şi­giň ne­ti­je­sin­de saý­lan­dy. Fi­na­la çy­kan ulag­lar bol­sa, emin ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan Brýus­se­liň go­la­ýyn­da­ky “Ju­les Tache­ny” tras­sa­da we ada­ty ýol he­re­ke­tin­de sy­nag­dan ge­çi­ril­di. “Peu­ge­ot 408” we “Re­nault Ast­ral” fi­na­la çy­kan gib­rid ulag­lar bo­lan bol­sa, beý­le­ki ulag­la­ryň äh­li­si do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär.

Nissan Ariya

PSA to­pa­ry­nyň hem-de “Fi­at Chrys­ler” to­pa­ry­nyň bir­leş­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len “Stel­lan­tis” kong­lo­me­ra­ty ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän “Je­ep Aven­ger” ki­çi gör­nüş­li “Peu­ge­ot 208” plat­for­ma­syn­da ön­dü­ril­ýär. “Je­ep” maş­ga­la­sy­nyň iň ki­çi SUV ula­gy­dyr. Ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lan “Aven­ger” Pol­şa­da ön­dü­ril­ýär. Ulag Ýew­ro­pa­da 40 müň ýew­ro­dan sa­tyl­ýar.