Germaniýanyň “Bawariýa” topary düzümindäki 17 ýaşly ýarymgoragçysy Ariýon Ibrahimowiç bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. 17 ýaşly hawbek 2025-nji ýylyň tomsuna çenli “Bawariýada” çykyş eder. Ol “Bundesligada” U-19 Ligasynda hem-de UEFA Ýaşlar Çempionlar Ligasynda 16 oýunda 13 gol geçirip, 6 goluň pasyny berdi. Germaniýada kosowoly maşgalada dünýä inen Ibrahimowiç häzirki wagtda Germaniýanyň dürli ýaşdaky milli ýygyndylarynda çykyş etdi. Onuň şwesiýaly super ýyldyz Zlatan Ibrahimowiç bilen hiç hili garyndaşlygy ýok.
 PDF
 PDF 
		

 
                         