Awstraliýaly ylgaýjy zenan Erçeýn Mýurraý-Bartlett özboluşly rekord goýdy. Ol yzyny üzmän 150 günde 150 marafon ylgawyny tamamlap, bu ugurda taryhy rekord goýmagy başardy. Bu ugurda ozalky rekord 106 günde 106 marafon ylgan britaniýaly Keýt Jeýdene degişlidi (2021). Erçeýn Mýurraý-Bartlett şol 150 günde 6300 kilometre aralygy geçdi. 32 ýaşyndaky türgen 16-njy ýanwarda özüniň 150-nji marafony ylgady. Şondan 150 gün öň ýurduň demirgazygyndan başlan Erçeýn Mýurraý-Bartlett sişenbe güni Melburn şäherinde öz rekordyny tamamlady. Ol 150-nji marafonyndan soň: – Awstraliýa diýseň ajaýyp, owadan ýurt. Meniň ylgamagymdaky esasy maksatlarymyň biri-de ýurduň owadan tebigatyny, ýurtdaky biodürlüligi dünýä görkezmek boldy. Milli seýilgählere, Beýik Barrier rifine, şol sanda dürli tagamlarymyza dünýäniň ünsüni çekmek isläpdim – diýip, beýanat berdi.

Türgene “Wilderness Society” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan 82 130 amerikan dollarlyk pul sowgady hem berildi.