«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Türkiýedäki baş agentligi (Hakim Turizm) syýahatçylyk kompaniýasy mart aýy üçin Stambul-Aşgabat gatnawlary üçin petek satyp başlady. Bu barada “Hakim Turizm” syýahatçylyk agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Stambuldan (IST) Aşgabada (ASB) uçuşlar duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe we şenbe günlerinde, «Boeing 737-800» uçarlarynda amala aşyrylýar.

Ekonom klasyň peteginiň bahasy 406 dollar.

Syýahatçylyk operatorynyň ofisleriniň salgylary:

Stambul, Mecidiyeköy, Mecidiyeköy Mah. Lati Lokum Sok. No:4/C, Şişli;

Tel: +902125229966;

Stambul, Kadikoý, Rasimpaşa Mah. Söğütlüçeşme Cad. Beyciğim Sk. No:6 Kadıköy;

Tel: +902163387779;

Stambul, Aksaraý, Kemalpaşa Mah. Selimpaşa Sk. No:42 Fatih;

Tel: +902125263716;

Ankara, Kyzylaý

Tel: +903122307501;

Sorag-jogap gullugy: +902125229966 (09:00-dan 19:00-a çenli).

E-poçta: bilet@hakimtur.net

Şeýle hem Aşgabatdan Stambula uçar peteklerini «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndan ýa-da el telefonlary arkaly (“iOS” we “Android”) satyn alyp bilersiňiz. Mart aýy üçin bu ugurda bir taraplaýyn petekleriň iň arzan bahasy 4877,50 manat.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, Russiýa) we Moskwa (Russiýa) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Russiýadan gelýän uçarlar Aşgabada gonar