Luwr di­ňe bir aja­ýyp ar­hi­tek­tu­ra ýa­dy­gär­li­gi bol­man, eý­sem ol fran­suz ko­rol­la­ry­nyň köş­gi, dün­ýä­niň iň ab­raý­ly mu­zeý­le­ri­niň bi­ridır. 1981-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Fran­sua Mit­te­ra­nyň ka­ra­ry esa­syn­da Luwr­da giň ge­rim­li abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Onuň iň ga­dy­my bö­le­gi (baş bi­na­sy) di­kel­dil­ýär. Mu­zeý dün­ýä bel­li kar­ti­na­la­ryň me­ka­ny ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­de ХVI asyr­da Fran­sisk I, Lýu­do­wik ХIII we Lýu­do­wik ХIV ta­ra­pyn­dan ýyg­na­lan kol­lek­si­ýa­lar bar.
Hä­zir­ki wagt­da Luwr­da 400 müň tö­we­re­gi eks­po­nat bar. Ola­ryň 35 müň­den gow­ra­gy mu­ze­ýiň 200-e go­laý za­lyn­da ser­gi­de gör­ke­zil­ýär.
1985-1989-njy ýyl­lar­da Na­po­leo­nyň köş­gü­niň öňün­de tä­ze zal­la­ry we how­ly­ny köşk bi­len bi­rik­dir­ýän meş­hur pi­ra­mi­da şe­kil­li bi­na gu­rul­ýar. Onuň aw­to­ry as­ly hy­taý­ly ame­ri­kan ar­hi­tek­to­ry Ýoh Ming Pi. Pi­ra­mi­da­nyň be­ýik­li­gi 21 metr bo­lup, onuň tö­we­re­gi­ni çüw­dü­rim gur­şa­ýar, fon­ta­nyň da­şyn­da ýe­ne-de ki­çi­räk üç sa­ny pi­ra­mi­da ýer­leş­ýär.
Meş­hur ital­ýan su­rat­ke­şi Leo­nar­do da Win­çi­niň dün­ýä bel­li ese­ri “Mo­no Li­za” Luw­ruň mer­je­ni ha­sap­lan­ýar. Su­rat­keş flo­ren­siý­li ban­kir Fran­çes­ko del­la Džo­kon­da­nyň bu­ýur­ma­sy bi­len onuň aýa­ly Mo­no Li­za­nyň port­re­ti­ni çek­ýär. Bu uly bol­ma­dyk ese­riň üs­tün­de su­rat­keş dört ýy­la go­laý iş­le­ýär. 1911-nji ýyl­da “Mo­no Li­za” Luwr­dan ogur­lan­ýar. Ony mu­zeý­de agaç us­sa­sy bo­lup iş­le­ýän Fran­çen­so Pe­ru­ja at­ly ital­ýan ogur­la­ýar. Iki ýyl­dan soň­ra, 1913-nji ýyl­da su­rat ta­pyl­ýar we ol Luw­ra gaý­ta­ry­lyp be­ril­ýär. Pe­ru­ja bu kar­ti­na­ny Na­po­le­on Bo­na­part ta­ra­pyn­dan bi­ka­nun ge­ti­ri­len­di­gi­ni aý­dyp, ony Ita­li­ýa gaý­tar­mak mak­sa­dy bi­len alan­dy­gy­ny aýd­ýar.
Luwr­da sak­lan­ýan ýe­ne bir gym­mat­ly eks­po­nat­la­ryň bi­ri hem Ni­ka heý­ke­li­dir. Ni­ka Sa­mof­ra­ki­ýa­nyň heý­ke­li at­ly bu eser grek mi­fo­lo­gi­ýa­syn­da ýeň­şiň hu­da­ýy ha­sap­lan­ýar. Ol äh­li sö­weş­ler­de, gim­nas­ti­ka we saz ýa­ryş­la­ryn­da, di­ni da­ba­ra­lar­da üs­tün­lik ga­zan­dyr­ýan hu­daý hök­mün­de gör­lüp­dir. Heý­kel 1863-nji ýyl­da fran­suz ar­heo­log­la­ry ta­ra­pyn­dan Sa­mof­ra­ki­ýa ada­syn­dan ta­pyl­ýar. En­çe­me bö­lek­jik­ler­den yba­rat bo­lan bu heý­kel se­re­sap­ly­lyk bi­len ýyg­nal­ýar. Em­ma, ar­heo­log­la­ra onuň kel­le­si­ni we eli­ni tap­mak ba­şart­ma­ýar.

We­pa PI­ROW,
Ho­jam­baz et­ra­by­nyň 5-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.