22-nji ýan­war­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň bi­lim we döw­let hyz­mat­la­ry mi­nist­ri Kris Hip­kins do­lan­dy­ry­jy Zäh­met par­ti­ýa­sy­nyň tä­ze li­de­ri we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Ol Ja­sin­da Ar­dern we­zi­pe­sin­den çe­ki­len­den soň, Prem­ýer-mi­nistr hök­mün­de ýur­dy do­lan­dy­rar. Bu ba­ra­da “The New Zea­land He­rald”-yň ýer­li ne­şi­ri ha­bar ber­di.
Kris Hip­kins Zäh­met par­ti­ýa­sy­nyň tä­ze li­de­ri we­zi­pe­si­ne saý­la­nan­dan soň, Ar­dern işin­den çe­ki­len­di­gi ba­ra­da ge­ne­ral gu­ber­na­to­ra ha­bar be­rer we ýur­duň tä­ze 41-nji Prem­ýer-mi­nist­ri ka­sam ka­bul eder. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň tä­ze hö­kü­met baş­ly­gy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky il­kin­ji mas­la­ha­ty 25-nji ýan­war­da ge­çi­ri­ler.
Go­laý­da Hip­kins žur­na­list­ler bi­len söh­bet­deş­lik­de – Prem­ýer-mi­nistr bo­lup işe baş­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ne sa­byr­syz­lyk we ru­hu­be­lent­lik bi­len ga­raş­ýa­ryn. Bu ul­la­kan ar­tyk­maç­lyk we ägirt uly jo­gap­kär­çi­lik – di­ýip bel­le­di.
44 ýaş­ly Kris Hip­kins 2017-nji ýyl­dan bä­ri Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň do­lan­dy­ry­jy Zäh­met par­ti­ýa­sy­nyň mö­hüm şah­sy­ýet­le­rin­den bi­ri. Ol ýer­li par­la­ment­de bi­lim mi­nist­ri, döw­let gul­lu­gy mi­nist­ri we we­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň ýol­baş­çy­sy bo­lup iş­le­di.
Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň hö­kü­met baş­ly­gy Ja­sin­da Ar­dern 7-nji few­ral­dan gi­jä gal­man işin­den çe­kil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. 42 ýaş­ly Ar­dern 2017-nji ýyl­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne gi­ri­şip, ýur­duň ta­ry­hyn­da iň ýaş Prem­ýer-mi­nistr­le­riň bi­ri (işe gi­ri­şe­nin­de 38 ýa­şyn­da­dy) we bu we­zi­pä­ni eýe­län üçün­ji ze­nan bol­dy. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň “One News” te­le­ýaý­ly­my hem-de “Col­mar Brun­ton” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2020-nji ýy­lyň maý aýyn­da ge­çi­ri­len pi­kir so­ra­ly­şyk­la­ra gö­rä, Ar­dern Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ta­ry­hyn­da iň meş­hur Prem­ýer-mi­nistr bol­dy, so­ra­ga gat­na­şan­la­ryň 59,5% -i onuň işi­ni gol­da­dy­lar.