Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik esaslaryny, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda milli parlamentiň wekilleriniň alyp barýan işlerine möhüm orun degişli bolup durýar. Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde öňde durýan wezipeleriň amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mazmun taýdan kämilleşdirmäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, adamyň döredijilik mümkinçiligini açmaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlygyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär. Ösüşiň täze tapgyryna gadam basmagy bilen, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de berkitmäge, ylym-bilimi, medeniýeti dünýä derejesine ýetirmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan oňyn tejribeleri netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilik döredi.
Ata Watanymyzyň döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy döwre görä yzygiderli kämilleşdirilýär.
Gahryman Arkadagymyz bu işleriň şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde hem-de dolandyrmakda toplan baý tejribesiniň, öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleriniň göz öňünde tutulyp amala aşyrylýandygyny belleýär. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga bolan hukugyny kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Jemgyýetde asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge, hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge oňaýly şertler döredilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurlygyny hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.
Halk Maslahatynyň döredilmegi agzybir halkymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan döwlet gurluşy babatda toplan dünýä nusgalyk tejribelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berer. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen şygarynyň durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Halkyň bähbidine hyzmat edýän ýokary wekilçilikli edaranyň döredilmegi ýurdumyzy ykdysady taýdan has kuwwatly döwlete öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň Başlygy, Ýokary kazyýetiň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy, Baş prokuror, adalat ministri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girizilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary esasynda degişli konstitusion toparyň döredilmegi, onuň düzüminiň tassyklanylmagy işleriň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagyna şert döreder. Konstitusion toparyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek boýunça gelip gowşan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada iş topary hem döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar kanun çykaryjylygyň esasy çeşmesi bolmak bilen, dürli ulgamlarda hereket edýän kanunlaryň kämilleşdirilmeginde we döwrebaplaşdyrylmagynda esasy orny eýelär. Bu üýtgetmeler we goşmaçalar häzirki döwrüň ygtybarly hukuk binýady bolmak bilen, Bitarap Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrar hem-de pugtalandyrar.
Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlyga görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar. Berkarar Watanymyz bu gün beýik ösüşleri başdan geçirýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde obalarymyz, şäher we şäherçelerimiz özgerýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda uly sepgitlere ýetilýär. Halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça taryhy başlangyçlaryň ähmiýetini giň köpçülige düşündirmek köpçülikleýin alnyp barylýar. Şonuň netijesinde hem demokratik özgertmeleriň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny düýpli ýokarlandyrjakdygy, jemgyýetimizi jebisleşdirjekdigi, raýatlarymyza has bolelin, eşretli durmuşda ýaşamak üçin giň ýollary açjakdygy bilen bagly wagyz-nesihat işleri geçirilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, syýasy partiýalaryňdyr jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň bilelikde geçirjek duşuşyklarynyň, çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda şu günler alnyp barylýan işlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Ilat arasynda geçirilýän duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyzyň bilelikdäki maslahatda eden taryhy çykyşynyň ähmiýeti, öňde duran möhüm wezipeler barada düşündiriş işleri geçirilýär, pikir alşylýar.
Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, ýurdumyzyň geljegi üçin alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Gülbahar Hudaýkulyýewa,
«Daşoguzpoçta» welaýat kärhanasynyň poçta işini guraýyş we logistika bölüminiň hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.