Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe önüm öndürijilere goldaw bermäge hem-de azyklyk önümleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilen möhüm ähmiýetli kararlaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanýar, içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygy doly üpjün edilýär, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň ýeterlik möçberdäkisi öndürilip başlandy.
Tehnika, dökün, suw bilen üpjünçilik düýpgöter gowulandy. Ýerden peýdalanmak üçin iň pes nyrhlar kesgitlenildi, daýhanlar salgytdan doly boşadyldy. Ýerleriň uzakmöhletleýin paýlanylyp berilmegi daýhanlaryň çekýän zähmetleriniň soňky netijelerine bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy. Milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» her ýylda garaşylýan hasylynyň ýygnalmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna uly goşant boldy.
Türkmenistan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesinde tanalýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň eksport kuwwaty ösýär. Ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ýerli çig malyň esasynda işleýän önümçilikleri köpeltmek, şolaryň netijesinde içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen hojalyk mehanizmini kemala getirmek ýaly ugurlaryň ösüşi döwrüň talaplary bilen has sazlaşýar. Bu bolsa oňyn netijelere getirýär.
Ýurdumyzda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň ýola goýlandygyny bellemek bolar. Olaryň önümçilik harajatlarynyň doly bahasynyň belli bir göterimi ýeňillikli bahadan berilýär.
Önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilip, olaryň ýylboýy arman-ýadaman zähmet çekip gazanan girdejileriniň wagtynda berilmegi, oba hojalyk önümleriniň döwlet tarapyndan satyn alyş bahalarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy zähmete bolan höwesi has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, obasenagat toplumyny, şol sanda suw hojalygyny ösdürmek boýunça giň gerimli we tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Şunda suw serişdelerini tygşytly ulanmak meselesi aýratyn orny eýeleýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, welaýatlarda täze suw desgalary ulanmaga berilýär. Bu möhüm işleriň durmuşa geçirilmegi obasenagat toplumynyň netijeli ösdürilmegine, ekinleriň bol hasyl bermegine ýardam berýär. Ýurdumyzyň dag eteklerinde sil suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen kiçi suw howdanlaryna hem uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmekdäki ýadawsyz aladalary üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijiler Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarlar.
Muhammet AGZAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.