Mek­si­ka­nyň meş­hur ta­gam­la­ryň bi­ri bo­lan ta­ko Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ýur­duň Mo­ra­les şta­ty­nyň Ku­er­na­wa­ka şä­he­ri­niň ta­ry­hy meý­da­nyn­da ge­çi­ri­len çä­re­de dün­ýä­niň iň uzyn ta­ko­sy taý­ýar­lan­dy. Ýu­ka çö­re­giň ara­sy­na dür­li önüm­ler sal­nyp taý­ýar­lan­ýan ta­ko Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da­ky meş­hur tiz ta­gam­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len ta­ko bir bi­te­wi la­waş­dan taý­ýar­lan­dy. Uzyn­ly­gy 70 metr 40 san­ti­met­re ýet­ýän ta­ko­nyň ha­my­ry­ny taý­ýar­la­mak üçin 37 ki­log­ram mek­ge­jö­wen uny ula­ny­lyp­dyr. Aş­pez­ler ta­ko­nyň çö­re­gi­ni taý­ýar­lan­la­ryn­da, onuň bö­lün­mez­li­gi­ne üns ber­di­ler. Şeý­le ulu­lyk­da­ky ha­my­ryň ýa­ýy­lan­da ýyr­tyl­ýan­dy­gy se­bäp­li bu iş kyn ha­sap­lan­ýar.
Mun­dan ozal­ky re­kord hem bu şä­her­de ha­sa­ba al­nyp, onuň uzyn­loy­gy 65 metr bo­lup­dyr.