Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň ýarym finalynyň bijeleri çekildi. Bija laýyklykda, ýarym finalda “El Klasiko” duşuşygy oýnalar. Ýagny “Real Madrid” bilen “Barselona” bije çekişdi. 1-nji duşuşykda “Santiago Bernabeuda” oýnalsa, jogap oýny “Kamp Nouda” geçiriler. Beýleki ýarym finalda bolsa “Osasuna” bilen “Atletik Bilbao” toparlary duşuşarlar. Ýarym final duşuşyklary 1-nji martda hem-de 5-nji aprelde oýnalar.

“Real Madrid” bilen “Barselona” şu möwsümde 2 gezek duşuşdylar. Olaryň 1-nji duşuşygy çempionatyň çäginde bolup, noýabr aýyndaky oýunda “Real” 3-1 ýeňipdi. 2-nji duşuşyk hem ýanwar aýynda oýnalyp, Super Kubogy duşuşygynda “Barselona” 3-1 ýeňipdi.