Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň soňky çempiony Milana täze ýyla geçip bir döw çaldy. Geçen möwsümde taryhy çempionlyk gazanan “Milan 2023-nji ýyldaky 7 duşuşygynyň diňe 1-inde ýeňiş gazandy. Stefano Pioliniň şägirtleri şol 7 duşuşykda diňe myhmançylykda “Salernitanadan” 2-1 hasabynda üstün çykmagy başardy. Ondan soň öz meýdançasynda 2-0 öňde barýan duşuşygynda “Roma” bilen soňky minutlarda gol geçirdip, deňme-deň oýnady. Kubok ýaryşynda goşmaça wagtda “Torinodan” 1-0 asgyn gelen “Milan” çempionatyň çäginde myhmançylykda “Leççe” bilen duşuşdy. Ýer eýeleriniň 2-0 öňe saýlanan duşuşygynda “Milan” hasaby deňläp, ýeňlişden halas boldy. Ondan soň “Milanyň” yzly-yzyna uly hasaply ýeňlişleri başlady. Rossoneriler ilki Italiýanyň Super Kubogy duşuşygynda Saud Arabystanynda oýnalan oýunda gadym bäsdeşi “Interden” 3-0 asgyn geldi. Ondan soň myhmançylykda “Lasiodan” 4-0 utuldy. Soňky sapar hem öz meýdançasynda “Sassuolo” bilen duşuşyp, oktýabr aýyndan bäri ýeňiş gazanyp bilmän gelýän bu topardan 5-2 hasabynda ýeňildi. Mahlasy, “Milan” şol 7 duşuşykda 18 gol geçirdi. “Milan” topary Ýewropanyň TOP 5 çempionatyndaky klublaryň arasyndaky soňky duşuşyklarynda iň köp gol geçirden topar hökmünde hasaba alyndy. Sanawyň lideri “Napoliden” 15 utuk yza galan “Milanyň” indiki duşuşygy-da “Inter” bilen bolar. 5-nji fewraldaky bu duşuşyk 00:45-de başlanar.