1. 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar berýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.
2. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň çäklerinde, matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
3. Dalaşgärler ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.
4. Dalaşgärler, okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriňharby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.
Kabul ediş topary.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi okuwa çagyrýar
1. 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlanda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär.
2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlary hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
3. Dalaşgärler ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.
4. Dalaşgärler, okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.
Kabul ediş topary.