1-nji few­ral­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di.
Mej­li­se Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow hem-de bir­nä­çe mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar.
Mej­li­siň do­wa­myn­da Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň ge­çen 2022-nji ýyl bo­ýun­ça işi­niň ne­ti­je­le­ri­ne se­re­dil­di. Gat­na­şy­jy­lar 2023-nji ýyl üçin çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar we işiň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­di­ler. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne 2022-nji ýy­lyň 29-njy iýu­nyn­da Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ri­len Al­tyn­jy Ha­zar Sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri hem gi­ri­zil­di. Şol bir wagt­da ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň baş­tu­tan­la­ry­nyň du­şu­şy­gy­nyň çä­gin­de ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň we yla­la­şyk­la­ryň gi­di­şi­ni we ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni sel­jer­di­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek, ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň we ola­ryň halk­la­ry­nyň ara­syn­da dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek ug­run­da iş­jeň he­re­ket­le­ri do­wam et­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi bel­le­nil­di.