Udmurtiýanyň ýaşaýjysy “Älem hanymy – 2022” halkara gözellik bäsleşiginiň esasy titulyna eýe boldy. Bu ýyl bäsleşik 30-njy ýanwardan 5-nji fewral aralygynda Sofiýada geçirildi. “Udmurtiýanyň otuz dört ýaşly ýaşaýjysy Ýelena Maksimowa jemleýji tapgyry 4-nji fewralda Sofiýada geçirilen gözellik bäsleşiginde ýeňiji boldy” – diýip, bäsleşigiň metbugat gullugynda habar berilýär.
Bäsleşigiň finalyna Hytaý, Tailand, Filippinler, Ýaponiýa, Hindistan, Belarus, Ukraina, Germaniýa, Ispaniýa, ABŞ ýaly dürli ýurtlardan 120 zenan çykdy. 2007-nji ýyldan bäri geçirilýän bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek birinji orny Russiýanyň wekili eýeledi.
Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, 18 ýaşdan 55 ýaş aralygyndaky nikada duran zenanlar bäsleşige gatnaşyp bilýärler. Ýelena Maksimowa Udmurt Respublikasynyň Gyýa obasynda dünýä indi. Maksimowa üç çaganyň enesi. Häzir ol Ižewskde dil merkezleriniň ulgamyna ýolbaşçylyk edýär. Üç sany ýokary bilim baradaky diplomy bar, şol sanda London uniwersitetini tamamlady.