Germaniýada elektroulaglar üçin mikroçipleri öndürýän üçünji zawodyň gurluşygy ýakyn wagtda düýbi tutular. Amerikan korporasiýasy «Wolfspid» ýakyn wagtda ýurduň Saar sebitinde täze zawodyň gurluşygyna başlar. Bu, Germaniýa awtoulag pudagy üçin ýokary tehnologiýaly ýarymgeçirijileri öndürmekde Ýewropada öňdebaryjy bolmaga mümkinçilik berer, bu bolsa Ýewropanyň bu ugurda Aziýadan we Amerikadan köp ýyl yzda galmagyny ep-esli azaldar. Kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap, Ýewropanyň elektroulag öndürijilerini mikroçipler bilen üpjün edip başlar. Bu bolsa, mundan beýläk awtoulag pudagynyň soňky ýyllarda ýüzbe-ýüz bolýan Aziýadan üpjünçilik meselelerinden önümçiligi belli bir derejede arany açmaga kömek eder.
Gurluşyk mart aýynda başlar. Ýokary hilli önümçilik desgalary bilen abzallaşdyrylan täze mikroelektronika zawody öňki kömür bilen işleýän Ensdorf elektrik stansiýasynyň ýerinde gurlar. «Infeneon» konserni Drezdende ýene-de bir zawod gurýar. Bir ýyl ozal Amerikanyň “Intel” kompaniýasy Germaniýanyň Magdeburgdan uzak bolmadyk ýerde birbada iki kärhana gurmak niýetini mälim etdi. Bular köp milliardlyk maýa goýum taslamalarydyr. Karbid kremniý esasly çipleri, kremniý çiplerine garanyňda, batareýa zarýad bermegi has çalt üpjün edýär we elektrikli ulaglaryň hereketlendiriş aralygyny ýokarlandyrýar. Olara energetika pudagynda we senagat enjamlaryny öndürmekde-de isleg bildirilýär.