Fransiýanyň Kubogy ýaryşynda düzümi ýyldyzlardan doly bolan PSŽ 1/8 finalda utuldy. Myhmançylykda “Marsel” bilen duşuşan parižliler 2-1 hasabynda asgyn geldi. Oýnuň 31-nji minutynda Aleksis Sançes penaltiden tapawutlanyp, ýer eýelerini öňe çykardy. 1-nji ýarym tamamlanmanka, ýagny 45+2-nji minutda Serhio Ramos hasaby deňledi. Duşuşygyň 57-nji minutynda Ruslan Malinowski “Marsele” ýeňiş getiren goly geçirdi. Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Marsel” çärýek finala çykdy. PSŽ bolsa bassyr 2-nji gezek Fransiýanyň Kubogy ýaryşynda çärýek finala çykyp bilmedi. PSŽ kubogy soňky 2 ýaryşdan öň 7 ýylda 6 gezek kubogy eýeläpdi.

Şeýle-de, “Nant” “Anžeden”, “Lion” “Lillden”, “Tuluza” “Reýmsden”, “Rodes” “Oserden”, “Annesi” “Pariž FK”-den “Grenobl” “Wierzondan” üstün çykyp, çärýek finala çykdy.