UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň iň esasy duşuşygynda Bawariýa myhmançylykda PSŽ-ni 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Esasan hem 2-nji ýarymy çekeleşikli geçen duşuşygyň ýeke-täk goluny 53-nji minutda PSŽ-niň öňki futbolçysy, fransiýaly Kingsli Koman geçirdi. Ol iki klubuň arasyndaky iň soňky duşuşykda-da, ýagny 2020-nji ýylda oýnalan finalda-da tapawutlanyp, nemes klubuna çempionlyk gazandyrypdy. Oýunda esasy düzümde oýnan PSŽ-li Warren Zaire-Emeri 16 ýaş 343 gün bilen Çempionlar Ligasynyň utulan-çykdy tapgyrynda çykyş eden iň ýaş futbolçy boldy. Duşuşygyň ahyrynda Benžamin Pawar 2-nji sarydan soň gyzyl kart aldy. Oýna 2-nji ýarymda goşulan Kilian Mbappeniň bir goluny ofsaýt sebäpli VAR hasaba almady. Jogap duşuşygy 8-nji martda oýnalar.