100 million syýahatça garaşýar

80

Soň­ky ýyl­lar­da dür­li hal­ka­ra çä­re­le­ri ge­çir­ýän we sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na has köp ma­ýa go­ýum goý­ýan Sa­ud Ara­by­sa­ny 2030-njy ýy­la çen­li ýur­da 100 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny çek­me­gi mak­sat edin­ýär. Go­laý­da Kris­tia­no Ro­nal­do­ny trans­fer eden ýurt mu­nuň üçin ma­ha­ba­ta hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na pan­de­mi­ýa­dan ozal, 2019-njy ýyl­da 19,8 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ba­ryp­dyr. Ýurt bu ugur­da gys­ga wagt­da uly ösüş ga­za­nyp, 2021-nji ýyl­da 67 mil­li­on myh­ma­ny ka­bul edip­dir. Ola­ryň köp bö­le­gi­ni Ku­weýt, Hin­dis­tan, Pa­kis­tan, Ka­tar we Bah­reýn ýa­ly ýurt­lar­dan zy­ýa­rat ge­len ja­han­keş­de­ler eme­le ge­ti­rip­dir.
Ýurt ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na gi­ren ýer­le­re ta­ryh bi­len gy­zyk­lan ja­han­keş­de­le­ri, ada­la­ra bol­sa, deň­zi go­wy gör­ýän­le­ri çek­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Giň meý­da­ny bo­lan ýur­duň, mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 1 müň 300 tö­we­re­gi ada­sy bar. Ola­ryň 20-si­ne lýuks myh­man­ha­na­la­ryň gu­rul­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bi iri sy­ýa­hat­çy­lyk tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 600 mil­liard dol­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Aý­lar Al­la­my­ra­do­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.