Soňky ýyllarda dürli halkara çäreleri geçirýän we syýahatçylyk pudagyna has köp maýa goýum goýýan Saud Arabysany 2030-njy ýyla çenli ýurda 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär. Golaýda Kristiano Ronaldony transfer eden ýurt munuň üçin mahabata hem aýratyn ähmiýet berýär. Saud Arabystanyna pandemiýadan ozal, 2019-njy ýylda 19,8 million syýahatçy barypdyr. Ýurt bu ugurda gysga wagtda uly ösüş gazanyp, 2021-nji ýylda 67 million myhmany kabul edipdir. Olaryň köp bölegini Kuweýt, Hindistan, Pakistan, Katar we Bahreýn ýaly ýurtlardan zyýarat gelen jahankeşdeler emele getiripdir.
Ýurt ÝUNESKO-nyň sanawyna giren ýerlere taryh bilen gyzyklan jahankeşdeleri, adalara bolsa, deňzi gowy görýänleri çekmegi meýilleşdirýär.
Giň meýdany bolan ýurduň, maglumatlara görä, 1 müň 300 töweregi adasy bar. Olaryň 20-sine lýuks myhmanhanalaryň gurulmagyna garaşylýar. Bi iri syýahatçylyk taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 600 milliard dollaryň özleşdirilmegine garaşylýar.
Aýlar Allamyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









