Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar, hä­zir­ki za­man dü­züm­le­ri ke­ma­la gel­ýär, dür­li mak­sat­ly tä­ze bi­na­lar­dyr des­ga­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Iri möç­ber­li se­bit we mil­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi buý­san­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 10-njy few­ral­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­lisinde 2022-nji ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di, res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­niň tas­la­ma­la­ry­na hem-de döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.
Bu ta­ry­hy mej­lis­de ýur­du­my­zy has-da ös­dür­mek hem-de tä­ze üs­tün­lik­le­re ýe­tir­mek ug­run­da ka­bul edi­len mö­hüm res­mi­na­ma­lar öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Hormatly Prezidentimiz «Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýur­du­my­zy 2022–2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» bel­le­nen esa­sy mak­sat­la­ry­my­za ýet­mek ug­run­da bir­nä­çe mö­hüm res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da 2023-nji ýyl­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny hem-de 2023-nji ýyl üçin ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky res­mi­na­ma­lar bar.
2023-nji ýyl­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl­da je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­ni 6,5 gö­te­ri­me ýe­tir­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­ny we ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni dur­nuk­ly ös­dür­mek, önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­ni ga­zan­mak, tä­ze kär­ha­na­la­ry gur­ma­gyň ha­sa­by­na 3 mü­ňe go­laý tä­ze iş or­nu­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni 19,4 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ýe­tir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Je­mi içer­ki önü­miň dü­zü­min­de (ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ha­sa­ba al­maz­dan) hu­su­sy pu­da­gyň pa­ýy­ny 71,3 gö­te­ri­me ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
2023-nji ýyl üçin ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri­niň 37,4 mil­liard ma­na­da deň bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na 20 mil­liard 800 mil­li­on ma­nat ma­ýa go­ýu­my gö­nük­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na 16 mil­liard 600 mil­li­on ma­nat möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­dir­mek bel­le­nil­ýär. Şu ýyl ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na 1 mil­li­on 58,5 müň ine­dör­dül metr ýa­şa­ýyş jaý­la­ry ulan­ma­ga ber­ler. Ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de we­la­ýat­lar­da we paý­tag­ty­myz­da en­çe­me des­ga­la­ryň, bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­ler.
Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de döw­let ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty yzy­gi­der­li ösüş­le­re eýe bol­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­na ma­ýa go­ýum­la­ryň çe­kil­me­gi halk ho­ja­ly­gy­na ba­zar gu­ral­la­ry­ny yzy­gi­der­li or­naş­dyr­ma­ga, her bir ul­gam­da ok­gun­ly ösüş­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýurdumyzda al­nyp ba­ryl­ýan ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap­laş­dyr­mak we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak ýa­ly asyl­ly mak­sat­la­ry özün­de jem­le­ýär. Önüm­çi­lik, dur­muş mak­sat­ly ugur­la­ra gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýum­lar mil­li we hal­ka­ra de­re­je­de iri tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Dur­muş ugur­ly yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ta la­ýyk­lyk­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň, ga­za­nyl­ýan oňyn ne­ti­je­le­riň äh­li­si Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň gel­jek­ki ösüş­le­re we hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ta­rap ýol­da ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Se­na­gat pu­dak­la­ryn­da önüm­çi­li­giň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, kuw­wat­lyk­la­ry ne­ti­je­li ulan­mak, söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­myn­da iş­le­riň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri ge­çir­mek hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da bel­le­nil­di. Eks­port edil­ýän ha­ryt­la­ryň muk­da­ry­ny kö­pelt­mek bi­len, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­ny hem oňyn de­re­je­de üp­jün et­mek wa­jyp­dyr.

Bil­bil SE­ÝIT­GU­LY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.