“Sakuu” şereketi ilkinji gezek adaty ululykdaky elektroulag batareýasyny 3D usulynda çap etdi. Kompaniýanyň Kaliforniýanyň Silikon jülgesindäki batareýa synag liniýasynda adaty şekilli we ululykdaky 3D görnüşli doly işleýän batareýa şowly ýagdaýda çap edildi. Soňky ýyllarda 3D usulynda çap etmek arkaly önümçilik gurluşykda, awtoulag, awiasiýa we elektron senagatynda ulanylýar. Kompaniýanyň esaslandyryjy Robert Bageri 2022-nji ýylyň awgust aýynda Kaliforniýanyň San-Hose şäherinde synag maksatly önümçilik liniýasyny açandyklaryny mälim etdi. Onuň sözlerine 2024-nji ýyla çenli bu ýerde iki sany zawod işe giriziler.
3D çap edilen batareýa öndürijisi, durnukly dizaýnyň ileri tutulýandygyny aýdyp, önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyny tapmak isleýär. “Sakuu” elektroulaglar, elektrowelosipedler, energiýa saklaýan beketler üçin ýokary dykyzlykly batareýalary öndürýär.
Azym Geldiýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
PDF









