Teatr diýlende, dünýäde ilkinji bolup iki merkez – Nýu Ýorkdaky “Broadway” bilen Londondaky “West End” ýadyňa düşýär. Bu iki ýer hemişe bir-biri bilen birnäçe ugur boýunça deňeşdirilýär. Ýöne Londonyň medeniýet-sungat merkezi bolan “West End” bir ugur boýunça welin, hiç hili deňeşdirme kabul etmezden, gürrüňsiz öňdeligi saklaýar.
70 ýyldan bäri sahnadan düşmän gelýär
“West End” teatrlar sebitindäki “St. Martin’s” teatrynyň sahnasynda Agata Kristiniň “Syçan gapany” (Mousetrap) atly eseri 70 ýyldan bäri oýnalyp gelýär. Ol dünýäde iň uzak wagtlap sahnadan düşmän gelýän spektakldyr. Detektiw romanlarynyň ussady bolan Agata Kristiniň bu meşhur eseri esasyndaky oýun Londonda ilkinji gezek Ýelizaweta II tagta çykan ýylynda, ýagny 1952-nji ýylda sahna goýlupdy. Pandemiýa döwrüni hasaba almanyňda, yzygiderli 70 ýyllap oýnalýan bu meşhur spektakl 28 müň 915 gezek sahnalaşdyryldy (2022-nji ýylyň noýabryna çenli alnan hasapda). Şol döwürde 10 milliondan hem köp adam bu oýna tomaşa etdi. Iki görkeziji-de rekorda deň bolup, olar entekler täzelenmese gerek. Sebäbi bu oýundan soň iň köp sahna goýlan 2 spektakl hem “West End”-iň çäginde bolup, olar Wiktor Gýugonyň meşhur “Terk edilenler” (Les Miserables) bilen Gaston Leronyň “Operadaky arwah” (Le Fantôme de l’Opéra) atly mýuzikal oýunlarydyr. Olaryň birinjisi 38, ikinjisi bolsa 37 ýyldan bäri “West End”-iň repertuaryny bezäp gelýär. “Operadaky arwah” spektaklynyň Nýu Ýorkdaky “Broadway”-de hem 35 ýyldan bäri sahnalaşdyrylyp gelýändigini belläliň.
“Syçan gapany” oýnunyň şunça ýyllap sahnalaşdyryljakdygyny eseriň awtory Agata Kristi hem çak etmändi. Ol oýnuň goýlan ilkinji günlerinde iň köp 8 aý sahnada galar diýipdi. Aslynda bu oýun ilkinji gezek 1947-nji ýylda “Üç kör syçan” (Three Blind Mice) ady bilen 30 minutlyk radiooýny hökmünde halk köpçüligine ýetirilýär. Şa Jorj V ýanýoldaşy şa aýaly Meriniň 80 ýaş toýy üçin BBC arkaly ýazyjy Kristiden radiooýny hökmünde sahnalaşdyrmagy haýyş edýär. Ol hem Şanyň arzuwyny ýerine ýetirýär. “Üç kör syçanyň” hekaýasy 1945-nji ýylda iki doganyň başdan geçiren hakyky wakalary esasynda ýazylýar. Şol wagtlar teatryň repertuarynda “Üç kör syçan” atly başga-da spektakl bolany üçin eseriň ady William Şekspirň meşhur tragediýasy “Gamletden” (Hamlet) esaslanyp “Syçan gapany” diýlip üýtgedilýär.
Oýnuň soňuny hiç kime aýtmaly däl
“Syçan gapany” diňe bir “West End”-iň sahnasyny bezänok. Bu spektakl şu wagta çenli 50-den gowrak ýurtda 27 dile öwrüldi. Hekaýada syrly wakalaryň bolmagy onuň has köp tomaşa edilmeginiň esasy sebäbi hökmünde görkezilýär. “Syçan gapany” eserinde gyşyň sowuk günleriniň birinde Londonda bolup geçen jenaýatçylykly waka barada söhbet açylýar. Dag etegindäki binada gabawda galan adamlaryň arasyndaky jenaýatçy gözlenýär. Kem-kemden dartgynlylyk güýçlenýär, ýagdaý hasam çykgynsyz, çylşyrymly hala öwrülýär. Hakyky jenaýatçy gözlenýän mahaly beýleki adamlaryň hem käbir etmişleriniň üstünden barylýar. Sahnalaşdyrylyp başlan ilkinji gününden bäri oýnuň ahyrynda artistleriň biri tomaşaçylara ýüzlenip, garaşylmadyk netijäniň teatrda galmagy bilen baglanyşykly “Syçan gapanyna tomaşa eden bolsaňyz, bu ýagdaý siziňem jenaýata şärik bolandygyňyzy aňladýar. Sizden jenaýaty kimiň edendigini öz syryňyz ýaly ýaşyrmagyňyzy haýyş edýäris diýýär. Şol sebäpli-de hakyky jenaýatçynyň kimdigini bilmek üçin hökman bu oýna tomaşa etmeli bolýar.
2-3-nji ýerdäki oýunlar
1985-nji ýyldan bäri “Sondheim” teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýän “Terk edilenler” 15 müňe golaý sapar sahnalaşdyrylýar. Bu mýuzikalyň entekler hem sahnalaşdyrylmagyny dowam etdirmegine garaşylýar. Wiktor Gýugonyň epiki romany esasynda sahna goýulýan mýuzikaldaky wakalar 19-njy asyrda Fransiýada bolup geçýär. Eseriň 42 ýurtda 22 dilde sahna goýlandygyny hem belläliň.
3-nji ýerdäki Operadaky arwah mýuzikaly bolsa 1986-njy ýyldan bäri “Her Majesty’s Theatre” teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär. Bu oýun 14 müň 500 gezek sahnada görkezildi. Ençeme gezek filmi hem surata düşürilen mýuzikalda Parižiň operasynyň işgäri Kristine Daaeniň töwereginde bolup geçen, mümkin däl söýginiň tolgundyryjy hem-de gynançly hekaýasy beýan edilýär. “The Music of the Night”, “All I Ask of You”, “Think of Me” ýaly nusgawy eserlere öwrülen aýdymlary hem öz içinde jemleýän oýunda Londondan başga-da 27 ýurtda 145 şäherde sahna goýulýar.
39 teatr bar
“West End” sebitinde 39 teatr bolup, ählisi-de ýylyň islendik pasly tutuşlygyna tomaşaçydan dolýar. Edil ýokarda ady agzalan 3 spektakl ýaly uzak wagtlyk bolmasa-da, her ýyl 30-a golaý oýun we mýuzikal sahna goýulýar. Olaryň käbirleri-de ençeme ýyldan bäri görkezilip gelinýär. London ýylda 20 milliondan gowrak syýahatçyny kabul edýän şäher bolup, ol bu babatda yklymyň öňdebaryjylarynyň hatarynda görkezilýär. Ýörite syýahatçylyk turlarynyň köpüsiniň maksatnamasynda bolsa teatrlar sanawyň başyny çekýär. “Gara geýnüwli zenan (The Woman in Black), “Mamma Mia!” (Mamma Mia!), “Şa Ýolbars” (The Lion King) ýaly spektakllar hem öňdäki orunlary eýeleýän beýleki oýunlardyr.
Ykdysady goşandy az däl
Bu ýagdaý bolsa Londony dünýäniň teatr merkezine öwürýär. Londondaky teatrlara ýyllyk 15-20 million teatr muşdagynyň barýandygy bellenilýär. Bu bolsa ykdysady babatda-da uly girdeji diýmekdir. Mysal üçin 2019-njy ýylda (pandemiýadan öň hiç hili çäklendirmeleriň bolmadyk döwri) jemi 18,3 müň sahna çykyşy (spektakl, mýuzikal, opera, tans we beýlekiler) hasaba alyndy. 15,3 milliondan gowrak adam petek satyn alyp, şol sahna çykyşlaryna tomaşa etdiler. Bu bolsa 2018-nji ýyla garanyňda, 1,4 göterim pes hem bolsa, “Broadway”-den 1 million tomaşaçy köp diýmekdir. Ortaça her petegiň bahasy 2019-njy ýylda 52 funt sterlinge deň bolup, umumy kassa ýygymy şol ýyl 799 million funt sterlinge ýetdi. Bu girdejiniň 133 million funt sterlingden gowragy-da salgyt hökmünde ýurduň gaznasyna girizildi. Başgaça aýdylanda, Londondaky teatrlaryň ýurduň ykdysadyýetine goşandy az däl.