Taýwanda suwüsti ýel beketleri gurlar

127

“To­ta­lE­ner­gi­es” we “Corio Ge­ne­ra­ti­on” kom­pa­ni­ýa­la­ry Taý­wa­nyň ke­nar­ýa­ka­syn­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 2 müň MW bo­lan “For­mo­sa 3” at­ly ýel be­ket­le­ri­ni gu­rar. Se­na­gat taý­dan ösen se­bit­le­riň bi­ri bo­lan Taý­wan ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri­ni öz­leş­dir­mä­ge has köp ma­ýa go­ýum gö­nük­dir­ýär. Ada­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ryň ara­syn­da ýel be­ket­le­ri­ne hem uly orun de­giş­li­dir. “For­mo­sa 3” tas­la­ma­sy Taý­wa­nyň or­ta-gün­ba­tar ke­na­ryn­da­ky Çan­hua et­ra­by­nyň go­la­ýyn­da üç ýel be­ke­di­ni öz içi­ne alar. Mun­dan ozal “Corio” kom­pa­ni­ýa­sy Ýa­po­ni­ýa­nyň JE­RA kom­pa­ni­ýa­sy bi­len “For­mo­sa 1” hem-de “For­mo­sa 2” su­wüs­ti ýel tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çi­rip­di.
Fran­si­ýa­nyň “To­ta­lE­ner­gi­es” kom­pa­ni­ýa­sy 2030-njy ýy­la çen­li tä­ze­len­ýän ener­gi­ýa ön­dür­ýän il­kin­ji bäş kom­pa­ni­ýa­nyň ara­sy­na gir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy 2022-nji ýy­la çen­li umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty 17 GW-a ýet­ýän be­ket­le­ri gu­rup­dy. Kom­pa­ni­ýa bu gör­ke­zi­ji­ni 2025-nji ýy­la çen­li 35 GW-a ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu mak­sa­dy­na ýet­me­gin­de taý­wan­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­nyň hem uly pa­ýy bo­lar.

Bos­san Gy­ly­jo­wa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.