Atyň toýnagynyň ýere sürtülmegi netijesinde, inçelip, zeper ýetýär. Şeýle ýagdaýda onuň ýöremeginde kynçylyklar döreýär, käte-de agsamalar ýüze çykýar. Adamyň aýaklarynyň aýakgaplar bilen goralyşy ýaly, at toýnaklary hem nallar bilen goralýar. Nal onuň toýnagynyň ölçegine görä, ýarymaý şekilinde demir böleginden ybaratdyr. Olary demirçi ussalar ýasaýar.
Nallar bedewleriň aýaklaryny ýumşak ýerlere arkaýyn basmaklaryny, gaty ýerlerde hem toýnaklarynyň goralmagyny üpjün edipdir.
Ilki-ilkiler atlaryň aýaklaryny keçe, toýnaklaryny bolsa, galyň mata ýa-da deriden edilen gap bilen örtüp, mydar edipdirler. Berk bolmadyk bu örtükleriň ýerini wagtyň geçmegi bilen demir nallar eýeläpdir.
Nallanmazdan öň, atyň toýnaklary arassalanýar, ýonulyp tekizlenýär. Soňra ýörite taýýarlanan çüýler bilen toýnaga nal kakylýar. Bu iş örän ussatlygy talap edýär. Şol sebäpli, şol döwürlerde atlary nallamagy öwredýän ýörite okuwlar açylypdyr.
Nal adatça, 3 aýyň dowamynda sürtülip ýukalýar we olary çalyşmaly bolýar. Ýaryşa gatnaşýan atlaryň nallanmagyna aýratyn üns berilýär. Toýnagyň gowy goralmagy onuň arkaýyn çapmagyny üpjün edýär. Çapylýan bedewlerde ulanylýan nallaryň iň amatlysy alýuminden ýasalanydyr. Ol ýeňil bolýar.
Şu günki günde ýaş çapyksuwarlarymyz atlarymyz barada alan bilimlerini çuňlaşdyrmak maksady bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk toplumlarynda okuw we önümçilik tejribelerini geçýärler. At münmek, atçylyk sportuny ösdürmek – sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewi bolup, ýaşlarda çalasynlygy, dogumlylygy terbiýelemekde ähmiýetlidir. Atçylyk sportunyň dünýä ülňülerine laýyk derejede ösmegi ýaşlarda terbiýäniň beden, ahlak, zähmet, akyl hem estetik ýaly görnüşleriniň kämilleşmegine uly ýardam berýär.