Ni­der­land­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Fem­ke Bol ýa­pyk bi­na­lar­da 400 metr ara­ly­ga yl­ga­mak­da 41 ýyl­lyk re­kor­dy tä­ze­le­di. Ýe­ňil at­le­ti­ka­çy 19-njy few­ral­da Apel­dorn şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ýa­pyk bi­na­lar­da ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça çem­pio­na­tyn­da 400 met­re ara­ly­gy 49,26 se­kunt­da ge­çip, re­kord tä­ze­le­di. Mun­dan ozal­ky re­kord çe­hos­lo­wa­ki­ýa­ly Ýar­mi­la Kra­toh­wi­la de­giş­li bo­lup, ol 400 metr 1982-nji ýy­lyň 7-nji mar­tyn­da 49,59 se­kunt­da ge­çip­di.
Şon­dan bä­ri ýa­pyk bi­na­lar­da 400 metr ara­ly­ga yl­ga­mak­da bu re­kord sak­la­nyp ge­lin­ýär­di. 22 ýaş­ly Fem­ke Bol To­kio­da ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da 400 metr ara­ly­gy päs­gel­çi­lik­li yl­ga­mak­da bü­rünç me­da­la my­na­syp bo­lup­dy.
Ýaş tür­gen ýe­ňiş ga­za­nan­dan soň­ra ha­bar­çy­la­ra be­ren gür­rü­ňin­de, “Çy­zyk­dan ge­çen­den soň­ra köp­çü­li­giň gal­ma­ga­ly­ny eşi­de­nim­de re­kor­dyň ma­ňa de­giş­li­di­gi­ni bil­dim” –di­ýip bel­le­di.
Ýaş ze­nan tür­gen Ýew­ro­pa­nyň 3 ge­zek çem­pio­ny­dyr.