Ýewropa Bileleşigi ýurtlary geçen ýyl Azerbaýjanyň esasy söwda hyzmatdaşy boldy. Ýewropa Bileleşiginiň Azerbaýjandaky ilçisi Peter Mihalko bu barada özüniň “Facebook” akkaundynda: “Azerbaýjanyň daşary söwdasynyň 52 göterimi Ýewropa Bileleşiginiň paýyna düşýär. Eksportyň 65,6 göterimi ÝB-niň bazaryna gidýär. Bu taryhda iň ýokary derejedir” – diýip, ýazdy.
2022-nji ýylyň dowamynda Azerbaýjan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 27,3 milliard dollardan geçipdir.
Geçen ýyl Ýewropa ýurtlaryna akdyrylýan tebigy gazyň möçberini artdyran Azerbaýjan suwüsti ýel beketlerinden alynjak elektrik energiýasyny hem Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin şertnama baglaşypdy.