Ýewropanyň günbatarynda ýerleşýän Portugaliýa gidroelektrik, Gün we ýel ýaly energiýanyň arassa çeşmelerini almaga uly mümkinçilik bar. Şeýle bolansoň, ýurtda bu pudaga maýa goýum goýýanlaryň sany hem az däl. “IberBlue Wind” kompaniýasy “Botafogo” deňiz ýel fermasyny ösdürmek babatdaky meýilnamasyny mälim etdi. Kenardan uzakdaky ýel bekedi 359 inedördül kilometr meýdany eýeläp, bu ýerde hersiniň kuwwaty 18MW bolan 55 ýel turbinasy bolar. Şunlukda bu beketlerde öndüriljek elektrik energiýasy müňlerçe öýi arassa energiýa bilen üpjün eder. Figeýra-da-Foş port şäheriniň kenaryndan 30-50 km uzaklykda ýerleşjek taslamany durmuşa geçirjek “IberBlue Wind” kompaniýasy Irlandiýanyň “Simply Blue Group” hem-de Ispaniýanyň “Proes Consultores” we “FF New Energy Ventures” şereketleri tarapyndan döredilipdir. Kompaniýa ýakyn geljekde umumy önümçilik kuwwaty 2GW bolan ýel beketlerini gurmagy meýilleşdirýär. Ýel beketlerinden öndürilen elektrik energiýasyny geçirmek üçin Figeýra-da-Foş şäherinde infrastruktura dörediler. Atlantik ummanynyň kenaryndaky şäherde ýel güýçli bolup, ýurduň merkezine ýakyn bolmagy taslamanyň ähmiýetini artdyrýar. Bu ýerde senagat we hususy sarp edijileriň sany az däl. Şeýle hem täze taslama müňlerçe iş ornunyň döreder.
Muhammedalyseid Gurbanmämmedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň Ýel elektrik stansiýa bölüminiň tehnigi.