Dür­li elekt­ron en­jam­la­ry ön­dür­ýän “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy 17 ýyl­dan bä­ri te­le­wi­zor ba­za­ryn­da dün­ýä­de öň­de­li­gi sak­lap gel­ýär. 2006-nji ýyl­da te­le­wi­zor sa­tu­wyn­da dün­ýä­niň iň köp te­le­wi­zor ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan ko­reý bren­di şol ýyl­dan bä­ri bu ugur­da bi­rin­ji­li­gi el­den ber­män gel­ýär.
Mar­ke­ting bar­lag­la­ry­ny ge­çir­ýän “Om­dia” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, “Sam­sung” glo­bal te­le­wi­zor ba­za­ryn­da­ky gir­de­ji­niň 29,7 gö­te­ri­mi­ni al­ýar. kom­pa­ni­ýa ge­çen ýyl 9,65 mil­li­on QLED TV sa­typ, ýo­ka­ry hil­li te­le­wi­zor sa­tu­wyn­da bi­rin­ji bo­lup­dyr. Kom­pa­ni­ýa 2017-nji ýyl­dan bä­ri 35 mil­li­on­dan gow­rak QLED TV sa­typ­dyr.
Ba­ha­sy 2 müň 500 dol­lar­dan ýo­ka­ry bo­lan has ýo­ka­ry hil­li te­le­wi­zor sa­tu­wyn­da hem kom­pa­ni­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu ba­za­ryň 46,2 gö­te­ri­mi­ne eýe bo­lan teh­no­lo­gi­ýa ägir­di 2019-njy ýyl­dan 40 gö­te­rim­den ýo­ka­ry de­re­jä­ni sak­lap gel­ýär. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa­nyň 75 dýuým­dan uly te­le­wi­zor ba­za­ryn­da hem öň­de­li­gi eýe­le­ýän­di­gi mä­lim edil­di.
Kom­pa­ni­ýa 2009-njy ýyl­da il­kin­ji LED te­le­wi­zo­ry­ny sa­tu­wa çy­ka­ryp­dy. 2011-nji ýyl­da bol­sa, il­kin­ji “akyl­ly” te­le­wi­zo­ry­ny müş­de­ri­ler köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­rip­di.

Oraz­my­rat Gu­low, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.