“Fitch Ratings” halkara reýting edarasy Hytaýda garaşylýan ykdysady ösüşiň global ykdysadyýete goşant goşjakdygyny mälim etdi. Bilermenler ýurtda pandemiýa çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagyndan soňra 2023-nji ýyldaky ýurduň ykdysady ösüş çaklamasyny 4,1 göterimden 5 göterime çykarylypdy. Reýting edarasy Hytaýda garaşylandan has ýokary ösüşiň 1 göterim ýokarlandyrylmagynyň global ykdysadyýet baradaky 1,4 göterimlik ösüş çaklamasyny 0,2 göterim artdyrjakdygy bellenildi.
Bilermenler şu ýylda dünýäniň beýleki ýerlerindäki ösüşiň Hytaýdakydan az boljakdygyny çaklaýarlar. Ýurtda şu ýylyň başynda pandemiýa çäklendirmeleri ýatyrylmagy bilen halkara gatnawlar açylypdy. Bu bolsa, hytaýly ýaşaýjylaryň daşary ýurtlara gitmegine we daşary ýurtlaryň Hytaýa barmaklaryna mümkinçilik döredipdi.
Mekan Akmädow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









