22-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikinji “Gurluşlaýyn dialog” başlandy.
Bu maslahatlaşmalarda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi, britan wekiliýetine bolsa Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygynyň orunbasary Jastin Makkenzi Smit ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebit syýasaty, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de adam ölçegleri ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Iki ýurduň halkara giňişligindäki, hususan-da BMG-niň çygryndaky netijeli hyzmatdaşlygynyň has hem giňeldilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň zerurlygy nygtaldy. Bu ýerde abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy bellenildi.
Şeýle hem taraplar Owganystandaky ýagdaý boýunça iki ýurduň çemeleşmeleri barada pikir alyşdylar we terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna syn berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly özara söwdanyň göwrüminiň artdyrylmagy boýunça geljekki hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy hem-de Londonda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny guramagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşyldy.
Ertir 23-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary ýurt edaralarynyň arasynda geçirilýän “Gurluşlaýyn dialog” öz işini dowam eder.
Esasy Dünýä täzelikleri Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy konsultasiýalar başlandy