2030-njy ýyla çenli iki uly çip zawody gurlar

100

Dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry çip önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­ýar. Elekt­ron en­jam­la­ryň äh­li­si, şol san­da aw­tou­lag­lar üçin äh­mi­ýet­li bö­lek­le­riň bi­ri bo­lan ýa­rym­ge­çi­ri­ji­ler, esa­san, pan­de­mi­ýa döw­rün­de ýet­mez­çi­lik edip­di. Şeý­le bo­lan­soň, köp ýurt çip önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­gyň ala­da­sy­ny edip baş­la­dy. 2030-njy ýy­la çen­li ABŞ-da iri çip önüm­çi­lik des­ga­sy işe gi­ri­zi­ler. Ýur­duň söw­da mi­nist­ri Gi­na Rai­mon­do ösen ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gi üçin azyn­dan iki sa­ny iri mer­ke­ziň dö­re­dil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Ge­çen ýyl ýurt­da çip we beý­le­ki en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýän ka­nun güý­je gi­ri­zi­lip­di. Şeý­le­lik­de bu ýurt­da önüm­çi­li­gi ýo­la goý­jak kom­pa­ni­ýa­lar dür­li ýe­ňil­lik­den peý­da­la­nar. Tä­ze des­ga­la­ryň gu­rul­ma­gy üçin ma­li­ýe tek­lip­le­ri­niň go­laý­da ka­bul edi­lip baş­lan­jak­dy­gy mä­lim edil­di.
Söw­da mi­nist­ri 1990-njy ýyl­da glo­bal çip önüm­çi­li­gi­niň 37 gö­te­ri­mi­niň ABŞ-da ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, hä­zir­ki wagt­da bu gör­ke­zi­ji­niň 12 gö­te­ri­me dü­şen­di­gi­ni bel­le­di.
Rai­mon­do güýç­li ýa­rym­ge­çi­ri­ji ekoul­ga­my­ny dö­ret­mek üçin 11 mil­liard dol­lar­lyk ma­ýa go­ýum go­ýul­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

Döw­let­gel­di Ata­my­ra­dow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.