Por­tu­ga­li­ýa­nyň dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan “ACCIONA Ener­gia” we “Gru­po Vio­las” kom­pa­ni­ýa­la­ry bu ýurt­da gel­jek on ýyl­da 100% tä­ze­le­nip bil­ýän ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy­lar. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, “ACCIONA Ener­gia” dür­li önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny her ýyl­da 55 müň MWt/sa­gat­dan gow­rak aras­sa elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün eder. Bu tas­la­ma her ýyl­da 10 müň ton­na­dan gow­rak kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň bö­lü­niň çyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam eder. Bu bol­sa 18 müň aga­jyň özü­ne çek­ýän kö­mür­tur­şy ga­zy­na ýa-da 4000 ula­gy do­la­ny­şyk­dan aýyr­ma­ga deň­dir. “Bu şert­na­ma, dur­nuk­ly­ly­gy we işi­mi­ziň kar­bon­laş­dy­ryl­ma­gy ba­ra­da­ky borç­na­ma­la­ry­my­zyň bir bö­le­gi­dir.
In­di köp ýurt­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­ga gö­rä, önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry hem sarp ed­ýän ener­gi­ýa­sy­ny aras­sa çeş­me­ler­den üp­jün et­me­li bo­lar­lar. “Gru­po Vio­las” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ma­nu­el Wio­las iş alyp bar­ýan şa­ham­ça­la­ryn­da önüm­çi­lik ga­lyn­dy­la­ry­ny 100 gö­te­rim azalt­ma­ga ýa­ram et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. “ACCIONA Ener­gia” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýel we Gün be­ket­le­ri­niň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 166 MWt-a ba­ra­bar. Kom­pa­ni­ýa­nyň Por­tu­ga­li­ýa­da­ky 16 ýel fer­ma­sy, şeý­le hem Ibe­ri­ýa ýa­rym ada­syn­da Gün be­ke­di bar.
“ACCIONA Ener­gia” mun­dan ozal hem iri önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry bi­len şeý­le yla­la­şyk­lar ga­za­nyp­dy.

Döw­let­gel­di Ba­dag­ly­ýew, Tūrkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.