Dünýäde elektrik ulaglary üçin iň uly bazar bolan Hytaýda elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslaryň sany hem barha artýar. Ýurtda 2025-nji ýyla çenli döwlet edaralary tarapyndan ulanylýan ulaglaryň 80 göteriminiň elektroulag bolmagy we zarýad beriji beketleriň sanynyň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem onýyllygyň ortalarynda taksiler bilen bir hatarda jemgyýetçilik ulaglarynyň hem elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşiniň sanynyň artdyrylmagyna garaşylýar. Şeýle-de poçta we logistika ulaglary hem elektrik energiýasy bilen işlär. Jemgyýetiň bähbidine hyzmat edýän her bir elektrik ulagy üçin köpçülikleýin zarýad bekedi bolar. Awtoulag ýollarynyň ugrundaky infrastrukturada, ýolagçy awtoulaglary üçin zarýad bekedi bolar. Şeýle hem ulagyň batareýasyny zarýadly batareýa bilen çalt çalşylmagyny üpjün edýän beketler bolar.
Ýurtda 100 müň, 60 müň we 20 müň birlige ýeten şäherler üçin aýratynlykda meýilnama taýýarlanar.
Geçen ýyl Hytaýda täze hereketlendiriji ulaglaryň satuwy takmynan iki esse artyp, 6,88 million birlige ýetdi we bu ýurtda satylýan ýolagçy awtoulaglarynyň dörtden bir bölegini emele getiripdir. Şol bir wagtyň özünde ýurtda zarýad berip bolýan gibrid ulaglaryň sany hem artýar.
Şirin Tagandurdyýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.