Dünýäniň ähli künjeginde owadan binagärligi hem-de kitap gorunyň baýlygy bilen tapawutlanýan kitaphanalar barha köpelýär. Emma has gadymy kitaphanalar bolsa ynsanlary haýran galdyryjy muzeýlere meňzeýär. Gadymy kitaphanalarda dürli dilde ýazylan eserler bolup, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we dil öwrenmäge höwesek ýaşlar şol kitaphanalarda öwrenýän dilinde ýazylan gyzykly eserleri, romandyr hekaýalary we goşgulary okamaga mümkinçilik alýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň diňe bir dil bilimini baýlaşdyrman, eýsem, olaryň dünýägaraýşynyň ösmegine, pikirleniş ukybynyň güýçlenmegine we düşünjesiniň giňelmegine uly itergi berýär. Şonuň üçin kitap okamaga amatly, ümsümlige eýlenen mekanlarda kitap okap, bilimiňi artdyrmak islendik ýaşda hökmandyr. Häzirki wagtda dünýäniň gadymy akyldarlarynyň ömrüniň bütin dowamyny geçiren kitaphanalarynyň ençemesi daşary ýurtly syýahatçylarynyň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrülipdir. Dünýäde gezelenç etmek üçin haýran galdyryjy ýerleriň hatarynda dürli dillerde ýazylan kitaplara baý bolan gadymy kitaphanalar bar. Uly Kanýon ýaly tebigy täsinlikler ýa-da Kollizeý ýaly gadymy ýadygärlikler ýa-da asmanda ýokary synlaýyş otaglary bolan ajaýyp binalar bar. Käbir kitaphanalar dünýäniň iň gowy şäherleriniň meşhur edaralary bolup hyzmat edýär. Mysal üçin, Nýu-Ýork jemgyýetçilik kitaphanasynyň Stiwen A.Şwarsman binasy ýaly kitaphanalar ýüzlerçe (ýa-da müňlerçe) filmde surata düşürilipdir. Şonuň üçin ol köplere tanyşdyr.
Umuman, daşary ýurt dillerini öwrenýänler bu ümsüm ýerlerde köp wagt geçirýärler. Gözelligi, asudalygy we kitaplar dünýäsiniň baýlygy sebäpli, kitaphanalarda daşary ýurt eserlerini okamak bilimiňi artdyrmagyň ýene bir aňsat usulydyr. Indi ussat binagärler ýakymly duýgulary oýarýan kitaphanalary bina etmäge ýykgyn edýärler. Mysal üçin, Germaniýadaky Ştutgart kitaphanasynyň gyzykly, arassa we minimal binagärligi görenlerde şatlyk duýgusyny döredýär. Käbir syýahatçylar dünýäniň belli kitaphanalaryna ýa-da okalgalaryna girenlerinde şa köşgüne giren ýaly duýgyny başdan geçirýändiklerini aýdypdyrlar. Dünýäniň dürli künjeklerinden hakykatdan hem haýran galdyryjy kitaphanalaryň biri ABŞ-nyň Meriländ ştatynyň Baltimor şäherindäki Jorj Pibodi kitaphanasydyr. Jons Hopkins uniwersitetiniň bir bölegi bolan bu bäş gatly binada 300 müňden gowrak kitap bar. Okuw mekdebiniň bir bölegi bolsa-da, islendik adam kitaphanadan peýdalanyp bilýär. Sebäbi Jorj Pibodi meşhur haýyr-sahawatçy bolupdyr, şonuň üçin-de onuň bu ynsanperwerligi dowam etdirilýär. Mundan başga-da Kanadadaky Wankuweriň merkezi kitaphanasy bolup, bu bina Rimdäki Kollizeýden nusga alnyp gurlupdyr. Dokuz gatly binada 9,5 million eser, şol sanda elektron kitaplar, CD-ler, DVD-ler, gazet-žurnallar saklanyp, şeýle-de onuň çäginde dükanlardyr dynç alyş ýerleri bar. Angliýanyň dünýä belli Bodli kitaphanasy bolsa, düýbünden başgaça bolup, kitap gory boýunça iňňän baýdyr. Gadymy kafedra meňzeýän kitaphana XIV asyrdan bäri ulanylyp, ol ýerde dürli dillerde ýazylan kitaplaryň 12 million jilti jemlenipdir. Şolaryň hatarynda ilkinji gezek çap enjamy arkaly çap edilen kitaplaryň nusgalary hem bar.
Gülşat Gullyýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
PDF









